Document

Bilimler we talyp ýaşlar güni

Image
  • 01/09/2022
  • 1652

Bilimler we talyp ýaşlar güni

     2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabara Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory, institutyň rektory, professor-mugallymlar we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
     Baýramçylyk dabarasynda Türkmenistanyň Çuňňur Hormatlanylýan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine iberen Gutlagy okaldy. Mugallymlaryň we talyplaryň adyndan Arkadagly Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy. Institutyň 1-nji ýyl talyplaryna talyplyk şahadatnamalary gowşuryldy. Dabaranyň dowamynda institutyň “Ýüpek ýollar” aýdym-saz we tans toparynyň çykyşlary dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy.

Ähli hukuklary goralan.