«Sanly çözgüt — 2022» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi badalga alýar

  • Baş sahypa
  • Täzelikler
  • «Sanly çözgüt — 2022» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi badalga alýar
Image
  • 11/08/2022
  • 180

«Sanly çözgüt — 2022» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi badalga alýar

    Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew «Sanly çözgüt — 2022» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada 13-nji iýulda geçirilen Hökümet mejlisinde hasabat berdi.

    Nygtalyşy ýaly, sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Konsepsiýada, 2021 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Döwlet maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek, täzeçil programma üpjünçiligini taýýarlamak we olary ornaşdyrmak hem-de beýleki degişli ugurlar bilen meşgullanýan ýaşlary höweslendirmek maksady bilen, «Sanly çözgüt — 2022» bäsleşiginiň nobatdaky tapgyryny geçirmek meýilleşdirilýär. Ony saglygy goraýyş, ylym we bilim, ulag-logistika, elektron senagat, oba hojalygy, hyzmatlar ulgamy ugurlarynda geçirmek göz öňünde tutulýar.

    Döwlet Baştutany «Sanly çözgüt — 2022» innowasion taslamalar bäsleşigini geçirmek baradaky teklibi makullady hem-de onuň ýaşlaryň zehinini we ukybyny ýüze çykarmakda aýratyn ähmiýetli boljakdygyny belläp, bu babatda agentligiň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.

    Çeşme:https://salamnews.tm/section/tehnologiya/sanly-ulgam/v-turkmenistane-projdet-konkurs-innovacionnyh-cifrovyh-proektov-826954 . 

Ähli hukuklary goralan.