- 11/08/2022
- 1266
Ses tizligini geçýän ýolagçy uçary
«Boom Supersonic» atly kompaniýa täze ýolagçy uçary barada habar berdi. Köp ýyldan bäri ýokary tizlikli ýolagçy uçaryny öndürmegi meýilleşdirýän kompaniýanyň «Overture» atly uçarynyň tizligi 2 müň km/sagat bolar. Uçarlaryň ýolagçy gatnatmak maksady bilen ulanylyp başlanmagyna onlarça ýyl geçen hem bolsa, bu howa gämileriniň tizligi köp ýyldan bäri artdyrylmady. Ýolagçy uçarlary, gara ýol, deňiz ýoly ýa-da demir ýol arkaly birnäçe günde geçiljek aralygy sanlyja sagatda geçmäge mümkinçilik berýär. Şeýle-de bolsa, ýolagçy uçarlarynyň tizligi 1980-nji ýyllardan bäri artmady. «Boom Supersonic» kompaniýasynyň tanyşdyran täze nusgalyk uçary Atlantik ummanyny bary-ýogy 3,5 sagatda aşyp biler. Uçaryň 2029-njy ýylda taýýar bolmagyna garaşylýar. Bu uçaryň taslamasyny taýýarlamak üçin kompaniýanyň inženerleri 26 million sagatlyk programma simulýasiýasyny, 5 gezek ýel tonneli synagyny geçirip, 51 gezek taslama düzediş girizipdirler. Täze aşa ýokary tizlikli uçaryň tanyşdyrylyşy Angliýanyň Farnboro şäherinde geçirilýän halkara awiasiýa sergisinde tanyşdyryldy. Kompaniýa bu uçaryň ykdysady taýdan tygşytly we daşky gurşaw babatda durnuklydygyny mälim edýär. «Overture» uçarynyň suwuň ýokarsynda sagatda 2 müň 92 kilometr, gury ýeriň ýokarsynda sagatda 1 müň 239 kilometr tizlik bilen uçmagyny üpjün edýän dört hereketlendirijisi bar. Dört motorly bolmagy uçaryň kuwwatly hem-de sessiz bolmagyna ýardam edýär.
18 kilometr belentlikden uçup biljek howa gämisi 65-80 ýolagçy orunlyk bolar. Şeýle hem kompaniýa täze ýokary tizlikli uçarlarynda galmagaly azaldýan ulgamyň hem oturdyljakdygyny mälim etdi. Uçaryň gabarasynyň aerodinamikasy kuwwatyny artdyrmaga ýardam edýär. Öň tarapy ýiti bolan uçaryň yzy hem çürelip gidýär. Şeýlelikde, howanyň sürtülmegi iň pes derejä ýetirilýär. Uçaryň ganatlarynyň dizaýny hem ýokary we pes tizlikde deňagramlylygy saklamaga ýardam edýär.
Bulardan başga-da, uçar adaty metallaryň deregine has ýeňil materiallardan öndüriler. Uçaryň ilkinji nusgasynyň önümçiligine 2025-nji ýylda başlanar. 2026-njy ýylda ilkinji «Overture» howa göteriler.
1976-njy ýylda tizligi sagatda 2 müň kilometr bolan «Concorde» uçary işe girizilýär. 2003-nji ýylda bu uçaryň ulanylmagy bes edilýär.
Çeşme: https://zamanturkmenistan.com.tm/?p=61824 .