Document

Robotlar – çagalaryň ýardamçysy

Image
  • 22/06/2022
  • 2588

Robotlar – çagalaryň ýardamçysy

         Gahryman Arkadagymyzyň talyp ýaşlara okamaga, öwrenmäge döredip berýän şertlerinden peýdalanyp, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda hereket edýän Ýaş alymlar geňeşiniň tejribe otaglarynda birnäçe taslama işleri alynyp barylýar. Häzirki wagtda institutymyzyň zehinli talyby Ahmet Şyhlyýew mekdebe çenli ýaşlary çagalara harplary, sanlary öwredýän roboty işläp taýýarlaýar. Bu taslama häzirki döwrüň innowasion tehnologiýalaryny ulanmak arkaly ýerine ýetirilýär. Taslamany birnäçe bölümlere bölmek bolar. Onuň ilkinji bölümi taslamanyň düzüminde ulanylýan elektron enjamlary saýlap almak we programmirlemekden ybaratdyr. Taslamanyň düzümindäki enjamlary dolandyrýan mikrokontroller bolup durýar we mikrokontroller bolup durýar we mikrokontroller С++ programmirleme esasynda programmirleýär we degişli amallary ýerine ýetirmek üçin programma üpçünçiligi ýazylýar. Indiki tapgyr 3D tehnologiýany ulanmak arkaly taslama gaplanýar we owadan şekil berilýär. Bilişimiz ýaly, 3D çap ediji islendik gaby we galyby guýmaga ukuply bolup durýar we netijede taslama owadan gaplanýar. Bu taslamanyň esasy maksady ýörite çagalara harplygy we her bir sanyň ýazylyşyny, her bir harpy çaganyň öwrenmegi üçin degişli sözler bilen baglamagy öwretmekden ybaratdyr.
         Robotyň işleýişi barada belläp geçsek, onda biräçe RFID kartlar bar, robotyň özünde RFID okaýjy gurluş ýerleşdirilendir we haçan-da şol karty enjama degiren ýagdaýymyzda, robot harpy tanaýar we çaga şol harpy ýazmagyň usulyny öwredýär. Şunuň netijesinde çaganyň harplygy öwrenmäge höwesini artdyrýar. Onuň işleýiş düzgüni barada has içgin belläp geçsek, RFID kartymyzy okaýja degirenimizden soňra, içinde ýerleşdirilen mikrokontroller Rfid karty tanaýar we şol harpy ýazmak üçin ulgamyň öz içindäki iki sany serwo hereketlendirijä degişli buýruklary berýär we serwo hereketlendirijiler öz gezeginde belli bir burç aýlawyny ýerine ýetirmek arkaly ýazgyç bilen şol harpy ýazýar. Netijede, robot degişli harplary çaga ýazyp görkezýär. Ondan başga-da, robot sanlary we harplary däl-de, ýönekeý suratlary çekmek ýaly mümkinçilikler bardyr. Häzirki wagtda ýas alym bu taslamany has hem giňeldip, çagalara sözlemleri, sözlükleriň täze usullaryny öwretmegi robotlar arkaly durmuşa geçirmegiň üstünde işleýär. Elbetde, şeýle innowasion tehnologiýalaryň ösmegi netijesinde çagalara öwrenmegiň täze usullary açylýar.

Döwrangeldi SUWHANOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we informatika institutynyň öwreniji mugallymy.

Ähli hukuklary goralan.