- 23/05/2022
- 789
TÜRKMEN TALYPLARY SANKT-PETERBURGDA GEÇIRILEN ONLAÝN OLIMPIADANYŇ ÝEŇIJILERI BOLDULAR
Sankt-Peterburg döwlet uniwersitetiniň her ýyl geçirýän «Petropolitan Science (Re)Search» atly açyk ders olimpiadasy Russiýanyň, Fransiýanyň, Ukrainanyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Gyrgyzystanyň we Gruziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlaryny bir ýere jemledi. «Hasaplaýjy tehnologiýalar (Informatikanyň we informasion tehnologiýalaryň esaslary)» ugry boýunça geçirilen ders bäsleşiginiň saýlama we jemleýji tapgyrlarynyň netijelerine laýyklykda, ildeşlerimiz Nurgeldi Atabaýew 85, Begençmyrat Berdiýew 79 utuk bilen baýrakly orunlara eýe boldular. Talyplaryň ikisi hem Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň maglumat howpsuzlygy hünäriniň talyplarydyr. Bäsleşikde baýrakly orunlar örän çäklendirilendir, ýagny jemi 2 ýeňiji we 2 sany hem baýrakly orun bellendi. Talyp ýaşlarymyzyň şol baýraklardan 2-sini öz atlaryna ýazdyryp bilmekleri örän buýsandyryjy ýagdaýdyr. Sankt-Peterburg döwlet uniwersitetiniň geçiren bu açyk ders olimpiadasy maglumat tehnologiýalary ugrunda ökde talyp ýaşlary ýüze çykarmakdan ybarat boldy.
Çeşme:https://salamnews.tm/section/ylym-bilim/bilim/dvoe-turkmenskih-studentov-stali-pobeditelem-i-prizyorom-ezhegodnoj-mezhdunarodnoj-olimpiady-petropolitan-science-(re)search-234e2b