Document

«Akylly şäher» we sanly ulgamyň mümkinçilikleri

Image
  • 05/05/2022
  • 2647

«Akylly şäher» we sanly ulgamyň mümkinçilikleri

Ylmyň depginli ösýän we tehnologiýalaryň günsaýyn kämilleşýän zamanasynda «akylly şäher» konsepsiýasy bütin dünýäde ululy-kiçili şäherleriň ýüzlerçesi tarapyndan durmuşa geçirilýär. «Akylly şäher» düşünjesi dürli çeşmelerde dürliçe aňladylýar. Meselem, Ýewropada bu düşünje maglumat-aragatnaşyk serişdeleriniň hasabyna jemgyýetçilik meselelerini çözmäge gönükdirilen işi amala aşyrýan şäherleri göz öňünde tutulýar. Russiýada bolsa daşky gurşawyň we ýaşaýjylaryň bähbidine toplumlaýyn çözgütleri özünde jemleýän innowasion şäherlere «akylly şäher» diýilýär. Şeýle tapawutlara garamazdan, «akylly şäher» konsepsiýasynyň esasy alamatlaryna durnuklylyk we ekologiýa arassaçylygy, dolandyryşa ähli ýaşaýjylaryň — bütin jemgyýetiň işjeň gatnaşmagy, maglumatlaryň netijeli peýdalanylmagy, hyzmatlaryň hilini we durmuş derejesini ýokarlandyrmaga bolan ymtylyş mysal bolup biler. Şunlukda, «akylly şäheri» jemgyýetiň bähbidi üçin sazlaşykly işleýän bir bitewi janly bedene meňzedip bolar. Şeýle şäherde ornaşdyrylýan sanly tehnologiýalar ýaşaýjylaryň durmuşyny ähli ugurlarda gowulandyrmaga mümkinçilik berýär. Şäherleşme prosesi we täzeçil çözgütler XIX asyryň senagat öwrülişiginden bäri bütin dünýäde adamlaryň şäherlere göçüş prosesi güýçlenip, häzir iň ýokary derejesine ýetdi. 2018-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan geçirilen barlaglaryň netijesi Ýer togalagynyň ilatynyň 55%-niň şäherlerde, 45%-niň bolsa oba ýerlerinde ýaşaýandygyny görkezdi. 2030-njy ýylda bolsa bu görkezijiniň 60%-e ýetmegine garaşylýar. Ýokarda getirilen maglumatlar bütin dünýäde şäherleşmäniň depgininiň ýokarlanýandygyny tassyklaýar. Şonuň üçinem, uly şäherlerde rahat durmuşy we howpsuzlygy üpjün etmek zerur bolup durýar. Bu zerurlygy kanagatlandyrmakda adamzat jemgyýeti özüniň döreden we döredýän «akylly» tehnologiýalarynyň ýardamyna hemem sanly ulgamyň mümkinçiliklerine bil baglaýar. «Akylly şäher» — aýawly şäher «Akylly şäherde» durmuş we iş prosesleri yzygiderli gözegçilikde saklanylyp, elmydama seljerilýär. Bu bolsa her bir adama we tutuş jemgyýete mümkin bolan iň ýokary netijäni gazanmaga ýardam edýär. «Akylly şäher» diýmek sanly tehnologiýalaryň kömegi bilen serişdeleri ýerlikli we tygşytly peýdalanýan aýawly şäher diýmegi aňladýar. «Akylly şäheriň» hyzmatlary çylşyrymly işleri ýeňilleşdirýär. Meselem, sanly döwlet hyzmatlarynyň işe girizilmegi bilen raýatlara salgytlary, jerimeleri we beýleki tölegleri tölemek, ýa bolmasa-da lukmanyň kabul edişine ýazylmak üçin ýörite edaralara barmak zerurlygy aradan aýrylýar. Bu işler Internetiň üsti bilen amala aşyrylyp bilinýär. Döwlet hyzmatlary, şäheriň ulag serişdelerini dolandyrmak, suwuň we energiýanyň ýerlikli peýdalanylyşy, saglygy goraýyş, innowasion oba hojalygy we galyndylaryň gaýtadan işlenilişi hem «akylly şäher» tehnologiýalarynyň kämilleşdirýän ugurlarynyň hataryna girýär. Ýagny bu tehnologiýalaryň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagy arkaly şäherlerde kämil ýaşaýyş-durmuş düzümleri kemala gelýär. Innowasion şäheriň çözgütleri rahat durmuş üçin Biziň ýurdumyzda hem hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň esasynda «akylly şäheriň» ägirt uly taslamalaryny durmuşa geçirmäge girişildi. Şol tehnologiýalar durmuşyň ähli ugurlaryna sanly ulgamy sazlaşykly baglanyşdyrar. Munuň özi bitewi aň-paýhas ulgamynyň ýaýbaňlandyrylmagyny aňladýar. Oňa ulag hereketinden başlap, ekologiýa çenli ähli maglumatlaryň jemlenmegini görkezýär. Şol maglumatlaryň kömegi bilen şäheriň degişli edaralary energiýanyň paýlanylyşyny we ulanylyşyny gowulandyrmaga, zir-zibilleriň ýygnanylmagyny ýeňilleşdirmäge, ýollarda bökdençlikleriň aradan aýrylmagyna, hatda howanyň hiliniň gowulandyrylmagyna mümkinçilik alarlar. Şäher giňişliginiň şeýle gurluşy raýatlaryň has amatly, oňaýly hem-de howpsuz durmuşy üçin şertleri döretmäge niýetlenendir. Şoňa görä-de, raýatlaryň bu işlere gatnaşmagy «akylly şäheriň» möhüm ugry bolup durýar. Raýatlar aň-paýhas ulgamy arkaly hödürlenýän hyzmatlaryň hiline, olaryň geriminiň giňeldilmegine ýardam edip bilerler. Mysal üçin, olar mobil aragatnaşygy peýdalanyp, ýoldaky işlemeýän yşyklar ýa-da duralgada ýerleriň ýetmezçiligi baradaky maglumatlary iberip bilerler. Şäheriň degişli edaralary bolsa dessine bu meseleleri çözmegiň ugruna çykarlar. Başgaça aýdylanda, bu şäheriň ýaşaýjylary öz töwereklerinde isleýişleri ýaly amatly gurşawy döredip, şäheri ösdürmäge goşant goşup bilerler. «Aşgabat siti» — möhüm döwrebap taslama Ýurdumyzda «akylly» ulgamlar eýýäm Aşgabadyň täze ýaşaýyş toplumlarynda giňden ornaşdyrylýar. Ahal welaýatynyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýan täze edara ediş merkezi we paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde düýbi tutulan döwrebap ýaşaýyş toplumy — «Aşgabat siti» ýaly iri döwrebap taslamalar bolsa eziz Diýarymyzda «akylly şäher» konsepsiýasyna doly kybap gelýän ilkinji düzümler bolar. Şeýlelikde, adamlaryň bähbidine hyzmat edýän innowasion ulgamlar ýurdumyzda şäher gurluşygynyň durnukly ösmegi üçin tehnologik çemeleşmeleriň esasyny emele getirer. Türkmenistanda sanly ulgamy giňden ornaşdyrmagyň çäklerinde amala aşyrylýan giň gerimli özgerişlikler bilen baglylykda, täze pudaklar, bazarlar, dolandyryş usullary peýda bolýar. Intellektual birikdirme ulgamlarynyň döredilmegi şäher çäklerimiz üçin köp amatlyklary döredip, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga, çig mal, tehniki we işgärler serişdelerini netijeli peýdalanmaga, halkymyzyň aň-paýhas kuwwatyny ösdürmäge mümkinçilik berer. Aýşa Begmyradowa, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň öwreniji mugallymy.

Ähli hukuklary goralan.