Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyplary Açyk halkara olimpiadasynda baýrakly ornunlara mynasyp boldular

  • Baş sahypa
  • Täzelikler
  • Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyplary Açyk halkara olimpiadasynda baýrakly ornunlara mynasyp boldular
Image
  • 20/04/2022
  • 312

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyplary Açyk halkara olimpiadasynda baýrakly ornunlara mynasyp boldular

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyplary Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburgyň döwlet uniwersiteti tarapyndan  geçirilen Petropolitan Science (Re) Search atly Açyk halkara olimpiadasyna “Hasaplaýyş tehnologiýalary (fundamental informatika we maglumat tehnologiýalary” ugry boýunça gatnaşdylar. Bu olimpiada dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň 22-sinden  bakalawriat, hünärmen ugurlary boýunça bilim alýan,  magistraturada okaýan hem-de ýokary okuw mekdebini ýakyn wagtlarda tamamlan uçurymlaryň 86-sy gatnaşdy.

Institutyň “Maglumat howpsuzlygy” hünäriniň 1-nji ýyl talyplary Döwletow Nurgeldi Bäşimowiç we Berdiýew Begençmyrat Atamyradowiç halkara olimpiadanyň 2022-nji ýylyň mart aýynda geçirilen saýlama tapgyrynda üstünlikli çykyş edip, jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandylar.

2022-nji ýylyň aprel aýynyň 15-ne geçirilen Açyk halkara olimpiadanyň jemleýji tapgyrynda Döwletow Nurgeldi Bäşimowiç jemi 85 utuk gazanyp, olimpiadanyň ýeňijisi diýen hormatly ada, Berdiýew Begençmyrat Atamyradowiç bolsa 79 utuk gazanyp baýrakly orna mynasyp boldular.

Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburgyň döwlet uniwersiteti tarapyndan geçirilen Açyk halkara olimpiadasynda üstünlikli çykyş eden talyplarymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys!

Yhlasly zähmetiňiz netijesinde eýelän baýrakly orunlaryňyz gutly bolsun mähriban talyplar!

Ähli hukuklary goralan.