- 15/04/2022
- 838
“Ýaýlym“ wideo aragatnaşyk programmasyny durmuşa ornaşdyrmak
Häzirki zaman tehnologiýalaryň ösüş depgini adamzadyň taryhynda gazanan ýokary üstünlikleri we adamlaryň isleglerini kanagatlandyrmak üçin döwrebap tehnologiýalary we programma üpjünçiliklerini işläp taýýarlamak möhüm ähmiýete eýedir. Sanly aragatnaşyk ulgamy adamzadyň durmuşyna giren gününden bäri uly orun eýeleýär.
Häzirki wagtda maglumatlaryň alyş-çalşygyny innowasion tehnologiýalary dolandyrmak üçin sanly aragatnaşyk ulgamy esasy orun eýeleýär. Elbetde, sanly aragatnaşyk ulgamynyň ösmegi täze ýokary ygtybarly programma üpjünçiliklerini işläp taýýarlamak üçin esasy şerti döredýär. Biziň institumyzyň 1-nji ýyl talyby we Ýaş alymlar geňeşiniň agzasy bolan Begenç Muhammetberdiýew hem “Wideo ýaýlymlary gurnamak üçin programma üpjünçiligini işläp düzmek” atly ylmy işinde wideo ýaýlymlary geçirmek üçin ygtybarly bolan “Ýaýlym“ wideo aragatnaşyk programmasyny işläp taýýarlady. Onuň bu taýýarlan “Ýaýlym” programmasy dünýä standartlaryna laýyk gelýän ygtybarly programma bolmak bilen, ulanyjylaryň sanynyň köp bolmagy ykdysady taýdan bähbitli bolmagyna garaşylýar.
Begenç Muhammetberdiýew bu ylmy işini Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türrkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde geçirýän “Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşigine” hem hödürledi.
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we informatika institutynyň mugallymy
Hojammedowa Ogulsapar
Çeşme:https://ashgabat.in/2022/03/31/yaylym-wideo-aragatnasyk-programmasyny-durmusa-ornasdyrmak/