- 12/04/2022
- 942
Welosport – saglyk hakynda ekologik alada
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz ýurdumyzda bedenterbiýäni, sporty dünýä derejesinde ösdürmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak arkaly halkymyzyň saglygyny berkitmek, sagdyn we ruhy taýdan kämil ýaşlary ýetişdirmek ugrunda uly aladalar edýär.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen şu ýylyň 15-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnama kabul edildi hem-de şol mejlisde Türkmenistanyň 2022 — 2028-nji ýyllar döwri üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň (UNCITRAL) agzalygyna saýlandy. Bu Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň daşary syýasatynyň nobatdaky uly ýeňşi, halkara derejede at-abraýyny belende göterýän möhüm ähmiýetli waka boldy.
Hormatly Prezidentimiziň: “Welosiped dünýäde ekologiýa taýdan iň arassa, elýeterli we ygtybarly ulag görnüşi hökmünde giňden ulanylýar. Beýleki ulag serişdelerine garanyňda, ony dolandyrmak hem aňsat. Welosiped sporty bolsa sportuň ekologik taýdan arassa we gyzykly görnüşi bolmak bilen, ilatymyzyň beden saglygyny berkitmekde möhüm orny eýeleýär” diýip bellemek bilen, bu gün ýurdumyzda welosiped sportunyň ösdürilmegine, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmekde onuň uly ornuna aýratyn ähmiýet berilýär.
Berkarar döwletimizde her ýyl yzygiderli görnüşde dürli ýaşdaky watandaşlarymyzyň müňlerçesini jemleýän köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň guralmagy asylly däbe öwrüldi. Bütindünýä welosiped gününi ebedileşdirmek maksady bilen, paýtagtymyzyň ajaýyp keşbine görk berýän «Welosiped» binasynyň açylmagy bolsa Garaşsyz ýurdumyzda ulagyň ýokary ekologiýa görnüşi hasaplanylýan welosipede berilýän uly ähmiýetiň aýdyň subutnamasydyr.
Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy, sagdyn we ruhubelent nesliň kemala gelmegi barada yzygiderli alada edýän, ýurdumyzy bedew bady bilen öňe alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Şaberdi GYLYÇTAGANOW
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň Maglumat tehnologiýalarynyň
programma üpjünçiligi kafedrasynyň mugallymy