Document

Mihail Osipowiç Doliwo-Dobrowolski

Image
  • 28/03/2022
  • 689

Mihail Osipowiç Doliwo-Dobrowolski

Häzirki zaman üç fazaly eleklrotehnikanyň düybüni tutujylardan biri Mihail Osipowiç Doliwo-Dobrowolskidir. Onuň eneden doglanyna 2021-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda, 159 ýyl doldy. M.O.Doliwo-Dobrowolskiý 1862-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda häzirki Sankt-Peterburg şäherinde eneden dogulýar. Maşgalalarynyň Odessa şäherine göçüp gitmegi bilen, bilimi şol ýerde almaly bolýar. 1880-nji ýylda tehniki orta hünär mekdebini tamamlaýar we şol ýyl Riganyň politehniki institutyna okuwa girýär. Oňa ene-atasynyň aladasy bilen Germaniýadaky Tehniki kolleje okuwa girmäge mümkinçilik döreyär.

Geljekki meşhur inžener talyplyk ýyllarynda ilkinji gezek konstruktorçylyk işi bilen meşgullanýar. Ol Tehniki kolleji 1884-nji ýylda tamamlaýar. Şol ýyl bu mekdepdiň elektortehnika kafedrasy açylýar we tejribe otagy döredilýär.Tehniki kollejiň ýolbaşçylarynyň tagallasy bilen mugallymçylyk wezipesine işe alynýar.

Ol oýlap tapyjylyk we konstruklorçylyk işinde meşhurlyk gazanýar, gysga wagtyň içinde ylymda we tehnikada bitirýän işleri bilen Germeniýa belli bolýar. Tiz wagtdan Germaniýada amerikan oýlap tapyjysy, konstruktor Tomas Alwi Edisonyň «Elektrotehnika» kompaniýasyna işe çagyrylýar we ömrüniň ahyryna çenli bu kompaniýada dürli wezipelerde işleýär. 1909-njy ýylda bu kompaniýanyň direktory wezipesinde işleýär. Ol öz maşgalasy bilen Şwesariýa göçüp barýar we ol ýerde ýaşaýar. Ol ömrüniň ahyryna çenli Russiýanyň raýaty bolup galýar, ähli eden işlerini, açyşlaryny ýurduna bagyş edyär. Özüniň uly kitaphanasyny Riganyň politehniki institutyna tabşyrýar. Ol 1919-njy ýylda aradan çykýar.

Onuň ilkinji işleri hemişelik tok ulgamyna bagyşlanýar. Alym tarapyndan ilkinji gezek dwigateliň parallel oýandyrylyşy üçin çyzgysy (shemasy) taýýarlanýar. Üç fazaly üýtgeýän toguň ulgamyny düzýär. Ol üç fazaly zynjyra girýän ähli elementleri we gurluşlary aýdyň açyp görkezýär. Üç fazaly transformalory konstruktirleýär. Üç fazaly asinhron maşynyny döredýär. Üç fazaly asinhron maşyny oýlap tapýar. Ol elektromagnit ampermetriň, induksion woltmetriň konstruksiýalaryny işläp düzdi.

Zehinli inžener M.O.Doliwo-Dobrowolskiniň ylmy we inženerçilik işleri biziň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiziň bilim ulgamynda we zawod-fabriklerinde ulanylýar. Onuň elektrotehnika jemgyýetinde bitiren işleri, oňa «Beýik inžener» diýlip at dakylmagyna sebäp boldy. 

Ataýew Mekan,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika
institutynyň Maglumat ulgamlarynyň howpsuzlygy
fakultetiniň 2-nji ýyl talyby

Çeşme: https://ashgabat.in/2022/01/08/mihail-osipowic-doliwo-dobrowolski/

Ähli hukuklary goralan.