Document

Ýyllar üstünliklere beslenýär

Image
  • 17/02/2022
  • 1668

Ýyllar üstünliklere beslenýär

Ýyllar üstünliklere beslenýär
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar astynda geçen 2021-nji ýyl ýurdumyzyň taryhynda her birimiziň kalbymyzda hemişelik galjak şanly wakalara beslenen ýyllaryň biri boldy.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bu ýyly hem syýasy taýdan durnukly, ykdysady taýdan kuwwatly, halkyň abadan geljegi üçin gurýan, döredýän, döwlet maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrýan ýurt hökmünde uly abraýa eýe boldy. Şunda gazanylan ösüş-özgerişleriň gözbaşynda parasatly, öňdengörüji milli Liderimiziň irginsiz tagallalarynyň durandygyny
halkymyz biragyzdan ykrar edýär. Bu hakykat 2022-nji ýylyň şygarynyň bagtyýar raýatlarymyzyň isleg-arzuwlary esasynda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary bilen «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilmeginde hem aýdyň görünýär.
Täze ýyla gadam basylan günlerde biz, adatça, tamamlanan ýylda bitirilen işlere ser salyp, geljek
üçin anyk maksatlary kesgitleýäris. Bu babatda aýdylanda, 2021-nji ýylyň Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynda oňyn netijeleriň gazanylan, halkyň ýaşaýyş-durmuş
şertlerini düýpli gowulandyrmak, ýurdumyzy dünýäniň ykdysady taýdan kuwwatly döwletleriniň birine öwürmek, Diýarymyzyň sebitde hem-de halkara giňişlikde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça ägirt uly işleriň amal edilen ýyly hökmünde ýatda galjakdygy ikuçsuzdyr. Bular barada Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
geçen ýylyň 27-nji dekabrynda geçirilen bilelikdäki jemleýji mejlisinde-de, hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna Täze ýyl mynasybetli Gutlagynda-da jikme-jik durlup
geçildi. Ýyllaryň ýyla sepleşip, adamzadyň durmuş senenamasynyň bitewi zynjyryny emele getirýändigine garamazdan, olar aýry-aýry wakalar, hakydalarda ömürlik galýan pursatlar bilen biri-birinden tapawutlanýarlar. Beýik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň şanyna dabaralandyrylan wakalara, döwletli tutumlara beslenmegi türkmen halky üçin
2021-nji ýylyň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Şol ýyl milli senenamamyzyň naýbaşy baýramyny — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesini buýsanç bilen belledik. 11-nji dekabrda baky Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygy hem-de Halkara Bitaraplyk güni
mynasybetli, paýtagtymyzda «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahat ýokary derejede geçirildi. Bu bolsa, öz gezeginde, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň özboluşly jemlenmesine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň şol günlerde döreden «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly goşgusy bu
gün Ýer ýüzüniň ähli döwletlerine we halklaryna birek-birege hormat goýmaga, özara ynanyşmak medeniýetini has-da berkitmek ugrunda tagallalary birleşdirmäge çagyryş
bolup ýaňlanýar. Golaýda bolsa Gahryman Arkadagymyz ýene bir
ajaýyp eserini — çuňňur watançylyga ýugrulan «Jan Watanym Türkmenistan!» atly goşgusyny halkymyza serpaý berdi. Milli Liderimiz Täze ýyl Gutlagynda: «Nesip bolsa, biz merdana halkymyz bilen el-ele berip işläp, täze ýyly hem yhlasly zähmetimiz arkaly uly üstünliklere besläris. Ata Watanymyza belent buýsanjymyz, geljege berk ynamymyz, aýdyň maksatlarymyz bilen has uly sepgitlere ýeteris» diýip nygtady.
Biz bu aýdylanlaryň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda aýdyň durmuş hakykatyna öwrülýändigine onuň ilkinji günlerinden şaýat bolýarys. Gahryman Arkadagymyzyň
Mary we Lebap welaýatlaryna iş saparlary, 7-nji ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň täze ýyldaky ilkinji mejlisinde Kabul edilen çözgütler Arkadagly halkymyzyň bagtyýarlygyny, durnukly ösüş ýolundan öňe barýandygyny görkezdi.
Ýeri gelende, sanly ykdysadyýeti, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, Türkmenistanyň Halkara elektroaragatnaşyk birleşigi bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işleriň rowaçlanýandygyny bellemek ýakymlydyr. Bu ugurdaky işler ýurdumyzyň Halkara
elektroaragatnaşyk birleşigi tarapyndan dolandyrylýan Global kiberhowpsuzlyk indeksi boýunça tutýan ornuny ýokarlandyrmaga ýardam eder.
Goý, ýylymyzyň ajaýyp şygary döwrümize şan berip, ýurdumyzy täze belentliklere ýetirsin!
Azatnepes ANNANEPESOW, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.

Ähli hukuklary goralan.