Document

“Himiýany öwren” programma üpjünçiligi.

Image
  • 16/01/2022
  • 3279

“Himiýany öwren” programma üpjünçiligi.

 

“Himiýany öwren” programma üpjünçiligi.
  Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli bilim ulgamy dünýä derejesinde ösdürilýär we senagatyň tehnologiýa taýdan ösen täze ugurlaryna laýyklykda yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar.
          Innowasiýa tehnologiýalary, öňdebaryjy tejribeler, ylmyň gazananlary milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna giňden ornaşdyrylýar.
          Nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika ýurdumyzda  ylmyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. Şoňa göräde, degişli pudaklary ösdürmek üçin bu ugurlarda düýpli we amaly ylmy barlaglary geçirmek zerur bolup durýar.
          Milli ykdysadyýetimiziň innowasiýa ugruny ösdürmekde, täze pudaklary döretmekde, içerki zerurlyklary kanagatlandyrmak üçin daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, bäsleşige ukyply dürli önümleriň özümizde öndürilýän möçberlerini artdyrmakda hem-de eksport ugurly önümleriň öndürilmeginde himiýa senagatyna strategik ähmiýetli orun degişlidir.
         Bu ugurda alnyp barylýan syýasat tebigy baýlyklarymyzyň rejeli hem-de netijeli peýdalanylmagyna gönükdirilendir. Strategik taýdan möhüm ähmiýetli bu wezipeler, diňe bir çig maly çykarmagy däl, içerki hem-de daşarky bazarlarda uly islege eýe bolan ýokary hilli dürli önümleri çykarmaga mümkinçilik berýän ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlary esasynda çig malyň düýpli gaýtadan işlenilmegini hem öz içine alýar.
      “Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” kabul edildi. Maksatnama:  “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň  maksatnamasynyň” düzüm bölegi bolup durýa. Döwlet maksatnamasy himiýa pudagyny döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini mundan beýläk-de çaltlandyrmak, öňdebaryjy tehnologiýalar, innowasiýalar hem-de ylmyň gazananlary esasynda ykdysadyýetimizi ösdürmekde himiýa ylmynyň we tehnologiýalarynyň tutýan ornuny has-da ýokarlandyrmak, ylmy barlaglaryň netijelerini önümçilige ornaşdyrmagyň depginini güýçlendirmek, ýurdumyzy suw serişdeleri bilen durnukly üpjün etmek we suw tygşytlaýjy tehnologiýalary döretmek barada Türkmenistanyň Prezidentiniň öňde goýan wezipelerine laýyklykda işlenip taýýarlanyldy.
       Şeýlelik bilen, islendik himiýa kärhanasynda sanlaşdyryş ulgamy täzelikler üçin katalizator hökmünde ulanyp bilner.
    Himiýa ylmyny sanlaşdyrmak üçin himiýa programma üpjünçüligini döretmekden ybarat.
       “Himiýany Öwren” programma üpjünçiligi – bu himiýany animasiýaly,üç ölçegde we gyzykly görnüşde öwrenmek isleýän ulanyjylar (öwrenijiler) üçin niýetlenendir.
Bu programma üpjünçiligi himiýany animasiýaly,üç ölçegde we gyzykly görnüşde öwrenmek isleýän talyplar we okuwçylar üçin niýetlenendir. Bu programmada iki ölçegde(2d) we üç ölçegde(3d) baglanyşykly dürli oýunlar ýerleşdirilen. Bu programma   üpjünçiligi 3 dilde işleýär. Olar türkmen, türk we iňlis dillerindedir.
Programma üpjünçiligimizde birnäçe tejribehanalar bolup, olaryň her birinde dürli  tejribeleri geçirip bilersiňiz. Bulardan başgada, taslamamyzda tejribehananyň içinde hereket edip, ulanmak üçin niýetlenen gurallary saýlap alyp,  tejribe geçirip bilersiňiz.Bu taslama diňe tejribe geçirmek bilen çäklenmän, eýsem sorag-jogap oýunlary arkaly ulanyjylar öz bilimlerini bu ugurda artdyryp bilerler.
 
Meredow REJEPDURDY
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we we
Informatika Institutynyň Aragatnaşygyň
radiotehnologiýalary fakultetiniň talyby.

radiotehnologiýalary fakultetiniň talyby.

Ähli hukuklary goralan.