Online resminama kabul ediş ulgamy

Image
  • 16/01/2022
  • 198

Online resminama kabul ediş ulgamy

Online resminama kabul ediş ulgamy
Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmegiň birinji tapgyry üçin meýilleşdirilen çäreler boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenler, professor-mugallymlar, talyplar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň programma üpjünçiligi, onuň binýadynda sanly bilim portallary işlenip taýýarlanyldy. Internet arkaly işlemek usulyýet taýdan kämilleşdirildi. Sanly bilim portaly elektron poçta, elektron resminama, uzak aralykdan bilim almak, ylmy işler, okatmagyň elektron serişdeleri, bäsleşikler, maslahatlar, forumlar, okuw kitaplary, okuw gollanmalary, sözlükler we ş.m. bilen üpjün edildi.Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyk “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” we “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” ýurdumyzda sanly ulgam babatda ýokary tizlik bilen geçirilýän işleriň anyk ugurlaryny, maksatlaryny, öňde durýan wezipelerini kesgitleýär.
          Sanly bilimi ösdürmek üçin, ilkinji nobatda, bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlardyr hünärmenleriň, şeýle-de bilim alýanlaryň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmaklarynyň zerurdygy öz-özünden düşnüklidir. Şeýlelik-de, häzirki zaman tehniki serişdeleriň we maglumat gorlarynyň ulanylyşynda bilim işgärleriniň bu ugurda taýýarlygyny kämilleşdirmek wezipesi hem öňe çykarylýar.
 Meniň hem bu taslama işim “Online resminama kabul ediş ulgamy” diyip atlandyrylýar. Taslama işiniň maksady ýokary okuw mekdeplerine girmek üçin  resminama tabşyrylýan möwsümde  ýokary okuw mekdeplerine isleg bildirýän dalaşgär raýatlaryň talap edilýän resminamalaryny ýokary okuw mekdebine gelmezden, islendik  wagtda we  islendik  ýerde   dolduryp  bilmegi, ýokary  okuw  mekdebiniň adminstrasiýasynyň  maglumatlary  gönüden-göni  elektron nusgada almagy we süzgüçlemegi , MS Word we MS Excell görnüşlerde ýükläp bilmegi  bolup durýar.  Ulgamda ähli maglumatlar awtomatiki usulda ýüklenip, browseriň kömegi bilen kagyzda dörediljek resminamalary elektron görnüşde döredýär.
Sowalnamalar sahypasynda raýat özi barada maglumatlary talap edilýän görnüşde doldurmaly we ugratmaly, ugradandan soňra üstünlikli kabul edilendigi barada maglumat gelýär.
Garyndaşlar barada maglumat sahypasynda dalaşgär özüniň garyndaş agzalarynyň maglumatyny doldurmaly, ýagny, garyndaşlary barada talap edilýän maglumatlary doldurmaly. Maglumatlary ugratmaly.
Arza sahypasynyň bolsa beýleki sahypalardan tapawudy  resminamalary  ýüklemek üçin niýetlenen sahypadyr. Bu ýerde degişli maglumatlary ýükländen soňra adminstrasiýadan jaň arkaly maglumat gelenden soňra Ýokary okuw mekdebine baryp orta bilim hakyndaky şahadatnamasyny tabşyryp, çagyryş hatyny alyp gaýtmaly.
Resminamalaryny üstünlikli tabşyran talyplar okuw synaglaryndan geçenden soň, olary welaýaty, ady, familiýasy we ş.m boýunça süzgüçläp biler. Gereklilerini MS Excell faýl görnüşinde ýükläp biler.Mundan başga-da her talybyň maglumatlaryna girip MS Word faýly görnüşde ýükleme mümkinçiligi bardyr.
Akgözel GURBANGULYÝEWA
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň Maglumat tehnologiýalary
we programmirleme fakultetiniň talyby

we programmirleme fakultetiniň talyby

Ähli hukuklary goralan.