Telekommunikasiýa ulgamlary kafedrasy iki sany ugur boýunça hünärmenleri taýýarlaýar. “Aragatnaşyk torlary we kommutasiýa ulgamlary” hünäri we “Köpkanally telekommunikasiýa ulgamlary” hünäri boýunça taýýarlaýar. Kaferdrada “Sanly telefoniýa ” gurnagy hereket edýär. Iki sany tejribe otagy bolup, onda TDM formatly ATS baza we çykarylan göwrüm kysymly gurnalan, şonuň ýaly hem Optix155/622H kysymly geçiriji ulgamy gurnalan tejribe otagy bilen üpjün edilen.
Kafedrada “Optiki süýmli aragatnaşyk linýasynda ulanylýan lazerleriň spektral-dinamiki häsiýetnamalarynyň derňewi” atly ylmy barlag iş alnyp barylýar.
Ylmy işiň aktuallygy:
Tolkun uzynlygy 1,5-1,6 mkm bolan Informasiýa signalyny täzeden dikeltmekde (generirleme) InGaAsP/InP stukturasyndan ýasalan injeksion lazerler optiki süýmli aragatnaşyk linýasynda häzirki wagtda giňden ulanylýar sebäbi ol signaly ýokary tizlikde we uzak aralyga geçirmeklige müňkinçilik dörediji optimal çeşme hasaplanýar. Bu mesele häzirki wagtda telekommunikasiýada pudagyuda aktual meseleleriň biri hasaplanýar. Türkmenistanyň aragatnaşyk ulgamynda gurnalan optiki süýmli geçiriji linýalaryň 95% göterimi bir modaly optiki süýmli kabel arkaly gurnalyp onda ulanylýan tolkun uzynlygy 1550 mkm deňdir.
Ylmy işiň derwaýyslygy:
- häzirki zaman kwarsdan ýasalan optiki süýmde analizlenýän spektral zolakda sönme koeffisentiniň ulylygynyň minimal derejä azalmagy;
- anlizlenýän lazer dinamiki rejimde bir ýygylykly generasiýa spektory bolup optiki süým boýunça informasiýany alyp gidiji ýagtylyk impulsynyň ýaýrama yzgiderliginiň artmagyny minimuma getirýär.
Ylmy barlag işiniň netijeleri “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň edara kärhanalarynda aragatnaşyk liniýalaryny gurnamakda ulanylýan optiki geçiriji ulgamlarda ulanylýan lazerleriň optimal ulanmak şerti barada teklipler taýýarlamak bolup durýar.
Telekommunikasiýa ulgamlarykafedrasynda okadylýan okuw dersleri boýunça taýýarlanylan okuw kitaplarynyň we okuw gollanmalarynyň sanawy:
Ähli hukuklary goralan.