Infokommunikasiýa tehnologiýalary kafedranyň taýýarlaýan hünär ugurlarynyň obýekti bolup intelektual torlary we kanal kommutasiýa, habarlar kommutasiýa, paket kommutasiýa bilen ulgamlary; radioaragatnaşyk ulgamlary we gurluşlary, şol sanda hereketli (hemra we ykjam) aragatnaşyk ulgamlary; köpkanally telekommunikasiýa ulgamlary, şol sanda optiki diapazonyň ulgamlary; maglumaty geçiriş ulgamlary we gurluşlary hyzmat edýär.
Infokommunikasiýa tehnologiýalary kafedrasynyň ugry ýokary hünär bilimini almagy üpjün edilýän, hünärler boýunça okadylmagy amala aşyrylýan işgärleri (hünärmenleri) taýýarlamagyň bir basgançakly gurluş düzümi bolan ýokary hünärbiliminiň birinji basgançagy üçin okuw-maksatnamalaýyn resminamalaryny we ýokary hünär bilim derejesini almaklygy üpjün edýän “Infokommunikasiýa tehnologiýalary” hünäri boýunça ýokary bilimi üçin okuw maksatnamasyny, okuw-usuly resminamalaryny, okuw edebiýatlaryny, maglumat-seljeriş materiallaryny işläp taýýarlamakda ulanylýar. “Infokommunikasiýa tehnologiýalary” hünäri boýunça bilim maksatnamalaryna laýyklykda hünärmen taýýarlamaklygy amala aşyrýan Türkmenistanyň ähli ýokary okuw mekdeplerinde ulanylmagy hökmanydyr.
Hünärmeni taýýarlamagyň umumy maksatlary:
- hünär ulgamynda we ýaşaýyş-durmuşda öňde goýlan wezipeleri we ýüze çykýan meseleleri çözmäge mümkinçilik berýän, akademiki, sosial-şahsy, hünär başarnyklaryny özünde jemleýän sosial-hünär hem-de tejribe-ugrukdyryjy başarnyklarynyň kemala getirilmegi we ösdürilmegi;
- meseleleri goýup bilmegi, durmuş, ekologiýa we ykdysady netijelerini hasaba almak bilen çözgütleri işläp düzmegi we kabul etmegi, işgärleriň işini meýilleşdirmegi we guramagy başarmakdan ybarat bolan kär işiniň endikleriniň ele alynmagy;
- senagatyň önümçilik desgalaryny we tehnologiki proseslerini awtomatiki dolandyryş ulgamlarynda işlemek üçin başarnyklaryny jemlemek.
Infokommunikasiýa tehnologiýalary kafedrasynda “Ýaşaýyş jaý toplumlarynda multiserwis aragatnaşyk torlarynyň netijeligini ýokarlandyrmagyň meseleleri” atly ylmy iş alnyp barylýar.
Ylmy işiň möhümligi. Häzirki günde multiserwis aragatnaşyk torunyň netijeligini ýokarlandyrmagyň meseleleri VLAN wirtual lokal torunyň guralyşy we we IPv6 protokolynyň ulanylyşy ýaly täze tehnologiýalary ulanmak hasabyna çözülýär. Şeýlelikde, infokommunikasiýa torlarynda şol tehnologiýalaryň ulanylyşyny çözmek üçin imitasion modelirlenmesi ulanylýar, sebäbi ol taslamanyň ilkinji döwürinde getirlen meseleleri anyklamaga mümkinçilik berýär.
Ylmy işiň maksady. VLAN we IPv6 tehnologiýalary ulanylanda imitasion modelirleýji serişdeleirniň kömegi bilen, paketleriň saklanma wagtyny, geçirijilik ukyplygyny, tor düwünleriniň ýüklenmesini hasaba alyp multiserwis aragatnaşyk torunyň işleýşiniň netijeliginiň derňewini geçirmek maksady goýulandyr.
Goýulan maksady çözmek üçin birnäçe goýulan meseleleri çözmek zerurdyr:
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdymyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasy” esasynda Infokommunikasiýa tehnologiýasy kafedrasy boýunça alnyp barylýan ylmy işde multiserwis aragatnaşyk torunyň netijeligini ýokarlandyrmagyň meseleleri infokommunikasiýa tehnologiýalaryň kömegi bilen çözmek üçin imitasion modelirlenmesi ulanylýar, imitasion modelirleýji serişdeleriniň kömegi bilen, paketleriň saklanma wagtyny, geçirijilik ukyplygyny, tor düwünleriniň ýüklenmesini hasaba alyp, multiserwis aragatnaşyk torunyň işleýşiniň netijeligini ýokarlandyrmagyň usullary hödürlenilýär.
Infokommunikasiýa tehnologiýalary kafedrasynyň mugallymlary tarapyndan taýýarlanylan okuw kitaplary we gollanmalary:
Kafedrada “Geterogen simsiz torlary guramagyň usullary”, “Geterogen simsiz torlaryň meselerini derňemek”, “Sagdyn durmuş ýörelgesi” we “Arkadagyň ýörelgesi ýaşlaryň göreldesi” atly temalar boýunça makalalar yzygiderli taýýarlanylýar.
Ähli hukuklary goralan.