Document

Köpkanally telekommunikasiýa ulgamlary

“Köpkanally telekommunikasiýa ulgamlary” hünäri boýunça hünärmen aragatnaşyk ulgamynda we torlarynda döwrebap optiki süýümli geçiriş ulgamlarynyň hem-de radioreleli we hemra aragatnaşyk ulgamlarynyň taslama resminamalaryny taýýarlamak, aragatnaşyk torlarynyň dolandyryş toplumynyň we geçiriş ulgamlarynyň enjamlaryny gurnamak, aragatnaşyk torlaryny we stansiýa enjamlaryny tehniki taýdan kabul etmek we işe girizmek şeýle-de synag-barlag işlerini, gurnaýyş-tejribe gözleg işlerini geçirmek üçin taýýarlanylýar. Hünärmen halkara we şäherara aragatnaşygy gurnamak göz öňünde tutulan ulgamlarda, dürli sredalarda habar iberiş, ýaýradyş we kabul ediş hyzmatyny amala aşyrýan edara-kärhanalarda wezipeleriniň sanawy boýunça ýokary bilimli hünärmenleriň eýeläp bilýän wezipelerinde işlemek üçin niýetlenendir. Olar “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň edara-kärhanalarynda ýokary hünärmene niýetlenen wezipeleri eýeläp bilerler.

Ähli hukuklary goralan.