Aragatnaşyk torlary we kommutasiýa ulgamlary
“Aragatnaşyk torlary we kommutasiýa ulgamlary” hünäri boýunça hünärmen aragatnaşyk ulgamynda ugurdaş islendik derejedäki meseleleri çözmek we torda kommutasion stansiýalaryň taslama resminamalaryny taýýarlamak, aragatnaşyk torlarynyň dolandyryş toplumynyň we kommutasion stansiýanyň enjamlaryny gurnamak, aragatnaşyk torlaryny we kommutasion stansiýalaryny tehniki taýdan kabul etmek we işe girizmek şeýle-de synag-barlag işlerini, gurnaýyş-tejribe gözleg işlerini geçirmek üçin taýýarlanylýar. Hünärmen telefon ulgamlarynyň aragatnaşyk torlarynda we kommutasion ulgamlary bilen enjamlaşdyrylan bölümlerinde, habar iberiş, ýaýradyş we kabul ediş hyzmatyny amala aşyrýan edara-kärhanalarda wezipeleriniň sanawy boýunça ýokary bilimli hünärmenleriň eýeläp bilýän wezipelerinde işlemek üçin niýetlenendir. Olar “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň edara-kärhanalarynda ýokary hünärmene niýetlenen wezipeleri eýeläp bilerler.