Document

Kärhananyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy

“Kärhananyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy” hünäri boýunça inžener-ykdysatçynyň hünär işiniň esasy ugurlary: aragatnaşyk pudagynda önümçilik-ykdysady, guramaçylyk-dolandyryş, meýilnama-ykdysady, durmuş-dolandyryş, taslama-ykdysady, marketing, daşary ykdysady, analitiki we telekeçilik, ylmy-barlag, maliýe-hojalyk, auditor, birža işlerini ýerine ýetirmek. Hünärmen ulag we aragatnaşyk kärhanalarynda, ylmy edaralarda wezipeleriň sanawy boýunça ýokary bilimli hünärmenleriň eýeläp bilýän wezipelerinde işlemek üçin niýetlenendir. 
    “Kärhananyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy” hünäri boýunça uçurymlar hünär işiniň görnüşlerine görä aşakdaky wezipeleri çözüp bilmäge taýýar bolmalydyrlar:
-kärhanalarda gündelik meýilnama-ykdysady işi alyp barmak, işiň tehniki-ykdysady görkezijilerini derňew etmek we hasaplamak; ylmy esasda zähmeti guramak, onuň kär işiniň ýaýlymynda ulanylýan habary toplamak, saklamak we işläp düzmekligiň kompýuter usullaryny ele almak; kär başarnyklaryny amala aşyrmak bilen baglanşykly meseleleri düzmek we öňünde maksat goýmak, olaryň çözgüdi üçin öwrenilen ylymlaryň usullaryny ulanmak; önümçilik serişdeleriniň rejeli peýdalanylyşyny we pudak önümçiligini guramaklygy tehnikany, tehnologiýany hasaba alyp, dolandyryş we hojalyk çözgütleri esaslandyrmak; kärhananyň işini meýilnamalaşdyrmak we ösüşiň baş ugry boýunça ykdysady hasaplamalary ýerine ýetirmek; maýa goýum taslamalarynyň esaslandyrmasyny amala aşyrmak, gerekli maliýe çeşmelerini we göwrümini kesgitlemek. 

Ähli hukuklary goralan.