Document

Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy

“Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynda “Berkarar  döwletiň  bagtyýarlyk  döwründe ýaşlarymyza edep-terbiýe bermekde ata-babalarymyzdan gelýän    däp-dessurlaryň orny” atly ylmy-barlag iş ýerine ýetirilýär. Ylmy ýolbaşçysy: B.Töräýew.

 Ylmy-barlag  işiniň  wajyplygy:

 Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlarymyza edep-terbiýe bermekde ata-babalarymyzdan gelýän  däp-dessurlarymyzyň esasynda halkymyza,Watanymyza Hormatly Prezidentimize  wepaly watansöýüji, päk  ahlakly, giň dünýägaraýyşly  kämil  şahsyýeti kemala getirmekden hem-de ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlarymyzyň milli aýratynlygyny ýüze çykarmakdan  ybaratdyr.

            Berkarar  döwletimiziň  bagtyýarlyk  döwründe kabul  edilen  “Ýaşlar  syýasaty  hakyndaky” Türkmenistanyň Kanuny  ýaş  nesli  kemala  getirmek  we  terbiýeçilik  işinde  wajyp  wezipeleri  ýerine  ýetirmek  maksatlaryndan  ugur  alýar. Taryhy, durmuş,ruhy-medeni  tejribeler  milli  mirasymyzy  ýurduň  häzirki  zaman  ösüşiniň  wezipeleri  bilen  döredijilikli  utgaşdyrmak,  täze durmuş  filosofiýasyny  döretmek barada  Türkmenistanyň  Prezidentiniň öňde  goýan wezipelerini  durmuşa geçirmek, şeýle  hem  medeni  mirasymyzy  öwrenip, olardan  ýerlikli  peýdalanmak ýaş  nesil barada alnyp  barylýan  döwlet  maksatnamalarynyň  esasynda.

      Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň geçirýän ylmy işleriniň basleşigine kafedranyň mugallymynyň  “Sosial psihologiýada sosiallaşma hadysasy” atly  temadan  ylmy  işi  hödürlendi. Sosiallaşmanyň institutlary häzirki wagtda psihologiýa we sosiologiýa ylmynyň öwrenýän meseleleriniň iň bir wajyplarynyň biridir. Sosiallaşmanyň institutlary, olaryň her biriniň ýerine ýetirýän wezipesi barada ýazylyp beýan edilýär. Şolaryň ilkinjisi bolsa elbetde maşgala institutydyr. Soňra bolsa mekdebe çenli edaralar, mekdep ýaly basgançak görnüşinde dowam edýär. Ylmy işde ýaşlary ösen tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän, jemgyýetimize peýdaly, iş başarjaň, kämil şahsyýetler edip ýetişdirmek ýaly meseleler orta atylýar.

Kafedranyň mugallymlary“Halkara ulag we üstaşyr geçelgeleriniň ähmiýeti”, “Dünýä nur çaýýan ak ýollar” ,“Bedewleriň belent waspy”,“Ýaşlar uly güýçdir”, “Möhüm ädimler”, “Ýurdumyzyň ulag üstaşyr mümkinçilikleri”, “Arkadagly  diýarda  bilimli  nesliň  kämil  terbiýesi” ,“Arkadagly  ýurdum ýaşlar  bilen  öňe  barýar ”  atly temalar boýunça ylmy makalalary yzygiderli taýýarlaýarlar.

Ähli hukuklary goralan.