Awtomatika we tehniki ulgamlarda dolandyryş
„Awtomatika we tehniki ulgamlarda dolandyryş” hünäri ylmyň we tehnikanyň ugurlaryna degişli bolup, hünärmeniň ulag we aragatnaşyk pudaklarynyň kärhanalarynda tehnologiki liniýalary we önümçilik prosesini, tehniki obýektleri dolandyryş ulgamlaranyň informasiýa, algoritmik, enjam, programma we usuly üpjünçiligini döretmegi hem-de peýdalanmagy göz öňünde tutýar. Bu hünär boýunça inženeriň wezipesi tehniki obýektleri dolandyrmagyň ulgamlary, serişdeleri, olaryň informasiýa, algoritmik, enjam, programma üpjünçiligini döretmegi hem-de öndürmegi, ulanyşa girizmegi göz öňünde tutýar
„Awtomatika we tehniki ulgamlarda dolandyryş” hünäri boýunça inžener düýpli we ýörite taýýarlygyna laýyklykda şeýle işleri ýerine ýetirip bilýär: taslama-konstruktorçylyk; ylmy–barlag; önümçilik-dolandyryş; dolandyryş-guramaçylyk; ulanyş.