Önümçiligiň we tehnologiýa prosesleriniň awtomatlaşdyrylyşy
“Önümçiligiň we tehnologiýa prosesleriniň awtomatlaşdyrylyşy hünäri boýunça inženeriň hünär işiniň obýektleri ulag we aragatnaşyk pudaklarynda awtomatiki gözegçiligiň abzallary, özgerdijiler, ýerine ýetiriji mehanizmler, sazlaýjylar, kontrollerler, enjamlary, tehnologiki bölümleri, energiýanyň dürli görnüşlerine gözegçiligiň we olaryň peýdalanylyşyny hasaba almagyň tehnologiki prosesleri, ulag we aragatnaşyk pudaklarynyň önümçiligini dolandyrmak üçin mikroprosessor ulgamlarynyň programma üpjünçiligi, önümçilik-telekeçilik, ylmy-barlag we bilim edaralarynda awtomatlaşdyrmagyň tehniki we programma serişdeleriniň kömegi bilen barlag usullary bolup durýarlar.