Document

Diller kafedrasy

Diller kafedrasynda  “Hünari boýunça türkmen dili”, “Hünäri boýunça rus dili”, “Hünäri boýunça iňlis dili” derslerinden bilim berilýär. Okuw dersleri amaly  okuwlar görnüşinde alnyp barylýar. Mugallymlar okuw  işlerini, okuw-usuly işlerini, guramaçylyk-usuly işlerini, ylmy-usuly işlerini we terbiýeçilik  işlerini utgaşdyryp alyp barýarlar. Kafedrada mugallymlar okuw-usuly resmi ýazgylary, okuw gollanmalary, amaly okuwlaryň beýanynyň ýazgylaryny, test-ýygyndylaryny, talyplaryň şahsy we özbaşdak geçirmeli işlerine, okatmagyň netijeli görnüşlerine we usullaryna degişli usuly işlerini taýýarlaýarlar.     Kafedranyň okuw-usuly işleri 2019-2020-nji okuw ýylynyň meýilnamasyna laýyklykda alnyp barylýar.  Kafedrada “Iňlis dilini öwretmekde wideoýazgylaryň ähmiýeti” atly tema boýunça ylmy işi institutyň okuw maksatnamasyna laýyklykda alnyp barylýar.

 Ylmy işiň maksady:

  • Daşary ýurt dillerini öwretmekligi has-da çuňlaşdyrmak maksady bilen birnäçe wideoýazgylary taýýarlamak;
  • Taýýarlanylmagy göz öňüne tutulýan wideoýazgylaryň täze okuw    maksatnamalaryna girizilmegini üpjün etmek;
  • Taýýarlanylan wideoýazgylary institutymyzyň Sanly Bilim portalynda ornaşdyrmak;
  • Wideoýazgylaryň okuw esbaby hökmünde okuw sapaklarynda ulanylmagyny ýola goýmak;

 

Ylmy işiň derwaýyslygy :

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan kabul edilen Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy dünýäniň ylymda we tehnikada gazanan iň kämil tejribelerini öwrenmek we döwrüň talabyna laýyklykda, türkmen dilimiz bilen birlikde, daşary ýurt dillerini okatmagyň hilini, usulyýetini kämilleşdirmegiň ýollaryny kesgitleýär. Ýaş nesle daşary ýurt dillerini düýpli öwretmek meselesi Türkmenistanyň innowasion ösüşinde ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň baş maksatlarynyň biri bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda daşary ýurt dilleriniň öwredilişiniň hilini has-da gowulandyrmakda birnäçe çäreler yzygiderli alnyp barylýar. Şol sanda biziň institutymyzda hem bu ugurda alnyp barylýan işleriň sanawyna Türkmenistanyň tehniki ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryna iňlis dilini öwretmekde ulanylmagy göz öňünde tutulýan wideoýazgylary taýýarlamak işini hem degişli edip bileris.

        “Ýaş zehinliler” atly iňlis dilinde gurnak, 3 dil (türkmen, rus, iňlis)  boýunça ÝOM-niň arasynda geçirilýän döwlet bäsleşigine taýýarlyk, “Zehin” okuw merkezinde rus we iňlis dillerinden (tölegli esasda) okuw, ýapon dilinden fakultatiw okuw, ýurdumyzda bellenilýän baýramçylyk seneleri bilen bagly dürli düllerde (türkmen, rus, iňlis, ýapon, nemes) talyplaryň aýdym-sazly, prezentasiýaly çykyşlary, 3 dilde terjimeçilik işleri yzygiderli alnyp barylýar.

Diller kafedrasynyň mugallymlary tarapyndan “Telekommunikasiýa we informatika hünärleri üçin niýetlenen iňlisçe-rusça-türkmençe söz we söz düzümler” atly sözlük kitaby taýýarlanyldy, ondan başga-da “Gözelligiň şahyrana waspy”, “Bagtyýarlygyň saýasynda” , “Dünýäniň iň innowasion kompaniýalary” ,“Milli medeniýete sarpa” , “Dil kämilligiň binýady”, “Okgunly ösüşiň kepili”, “Söz manysyn tirer bolsaň”,“Nepis sungat”, “Darak sesi ýaňlansa”, “Ylmy- ösüşleriň binýady ”, “Döwrüň bilen aýakdaş ”, “Ösüşüň binýady ”, “Çeper elli zenanlar ”, “Sanly ulgam we ýaşlar”, “Innowasion geljege tarap”, “Babamyň gürrüňlerinden” atly temalar boýunça ylmy makalalar yzygiderli taýýarlanylýar

Ähli hukuklary goralan.