Document

Umumy tehniki dersler kafedrasy

Umumy tehniki dersler kafedrasynda institutda inženerçilik-tehniki ugurlaryndan taýýarlanylýan talyplara tehniki dersler boýunça sapak berilýär. Kafedrada düýpli okuw, ylmy we tejribelik taýýarlygyň esasynda öz hünärini doly özleşdiren, öz bilim derejesini hemişe ýokarlandyrýan, ýurdumyzda alnyp barylýan jemgyýetçilik-syýasy, ykdysady özgertmelere işjeň gatnaşýan, zähmetiň ylmy taýdan guralyşynyň usullaryny önümçilikde ulanmagy başarýan, adamlar bilen işlemegi oňarýan, watansöýüji, il-halkyna, Hormatly Prezidentimize wepaly, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň talaplaryna, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan ynsanperwer syýasatlaryna dogry düşünýän, olary gyşarnyksyz durmuşa geçirip bilýän hünärmenleri taýýarlamak ugrunda işler alnyp barylýar.

Kafedrada 2020-2022-nji ýyllar üçin meýilleşdirilen “Ýurdumyzyň merkezi şäher ýollarynda awtoulaglaryň atmosfera täsirini bahalandyrmagyň usulyýetini işläp düzmek” atly ylmy barlag işi alnyp barylýar. Ylmy işiň ýobaşçysy Umumy tehniki dersler kafedrasynyň müdiriniň w.w.ý.ý. B.Atanepesow. Ýerine ýetirijiler: Umumy tehniki dersler kafedrasynyň mugallymlary.

Ylmy işiň wajyplygy – awtoulaglar tarapyndan daşky gurşawyň hapalanma meselesiniň barlagy şäherleriň ýaşaýjylary üçin wajypdyr. Her ýyl boýunça awtoulaglaryň mukdarynyň artmagy atmosfera howasynyň hapalanmagyny artdyrýar.

Ylmy işiň meselesi –  Ýurdumyzyň merkezi şäherleriniň daşky gurşawyna we adam saglygyna awtoulaglaryň artýan sanynyň täsirini seljermek.

Işiň maksady –  Ýurdumyzyň merkezi şäher ýollarynda awtoulaglaryň atmosfera ýaýradýan zyýanly maddalaryň mukdaryny bahalandyrmak.

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan ekologiýa syýasaty adam bilen tebigatyň gatnaşyklaryny sazlaşdyrmaga, ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmäge gönükdirilendir.

Daşky gurşawy goramak we tebigatdan rejeli peýdalanmak ýurdumyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, awtoulaglaryň daşky gurşawyň howasyna edýän täsirini hasaba almak hem-de bahalandyrmak ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde esasy mesele hasaplanýar.

Awtoulaglar we olaryň işläp çykarýan gazynyň zyýanlary himiki birleşmeleri atmosferany hapalaýan esasy çeşmelerdir. Mysal üçin, awtoulaglaryň çykarýan tüssesiniň 0,3-10%-i ugar gazy (CO), 3%-e çenlisi uglewodorodlar (ýanman galan ýangyç) we 0,8%-i azodyň oksitleridir (NOx). Bu gazlar daşky gurşawa aralaşmak bilen tebigatdaky ähli jandarlara ýaramaz täsir edýär. Esasan-da adam organizmine ýetirýän ýaramaz täsiri aladalandyrýar we gaýragoýulmasyz çäreleriň geçirilmegini talap edýär. Bu çäreleri durmuşa geçirmek üçin bolsa, awtoulaglaryň daşky gurşawyň howasyna edýän täsirini kesgitlemek derwaýys bolup durýar.

Kafedradanyň ylmy-barlag işi gönüden-göni ýurdymyzda durmuşa geçirilýän Döwlet Maksatnamalary bilen arabaglanyşykly alnyp barylýar. Daşky gurşawy goramak bilen bagly düzgünler Türkmenistanyň Konstitusiýasyna girizildi. Daşky gurşawy goramagyň hukuk binýadyny üpjün edýän “Tebigaty goramak hakynda”, “Ekologiýa seljermesi hakynda”, “Galyndylar hakynda”, “Daşky gurşawyň howasyny goramak hakynda”, “Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda”, “Ösümlik dünýäsi hakynda”, “Haýwanat dünýäsi hakynda”, “Ýerasty baýlyklar hakynda”, “Öri meýdanlar hakynda”, “Agyz suwy hakynda” Türkmenistanyň kanunlary, Türkmenistanyň Tokaý, Suw, Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksleri we degişli hukuk namalar kabul edildi.

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň başlangyçlary bilen maksatnamalaýyn amala aşyrylýan durnukly ösüş strategiýasynyň esasyny düzýän “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin milli Maksatnamasy”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki milli Maksatnamasy”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018-2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy” durmuşa ornaşdyrylýar.

Kafedrada alnyp barylýan ylmy-barlag işi bu maksatnamalaryň çäklerinde alnyp barylýan işler bilen utgaşdyrylyp, durnukly ösüş maksatlarynyň yzygiderli amala aşyrylmagynda ekologik talaplary berjaý etmek we awtoulaglaryň daşky gurşawa ýetirilýän zyýanyň möçberini azaltmak boýynça maslahtalary we teklipleri taýýarlamak maksady bilen alnyp barylýar.

 Ylmy-barlag işinde ýurdumyzyň ekologik syýasatynyň esasy ugurlary we ýörelgeleri, tebigaty rejeli peýdalanmagyň we goramagyň düzgünlerine, olary ýerine ýetirmek boýunça kärhanalaryň, guramalaryň, raýatlaryň borçlaryna hem-de hukuklaryna salgylanylýar.

Türkmenistan döwletimiz iri halkara guramalary we ylmy merkezleri bilen ýokary tehnologiýalar babatda işjeň hyzmatdaşlygy saklaýar. Umumy tehniki dersler kafedrasynyň mugallymlary hem, ýurdumyzda dünýä ylmynyň wajyp meselelerine bagyşlanyp geçirilýän halkara ylmy maslahatlarynda çykyşlary edýärler. Ýurdumyzyň tebigy serişdeleriniň, taryhynyň, medeniýetiniň öwrenilmegine bagyşlanyp gurnalýan ylmy ekspedisiýalaryna işjeň gatnaşýarlar.

Umumy tehniki dersler kafedrasynyň mugallymlary halkara ylmy maslahatlarynda:

  • Altyn Asyr Türkmen köli suwdan netijeli peýdalanmagyň nusgasydyr;
  • Adamyň kadaly ýaşaýyş şertlerini üpjün etmekde ekologik barlaglaryň ähmiýeti;
  • Dünýä hojalygynyň globallaşýan şertlerinde sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň meseleleri;
  • Energiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde sanly ykdysadyýetiň mümkinçilikleri;
  • Ilatly ýerleriň durnukly ösüşini ýokarlandyrmakda talyplaraekologiýa kadalarynyň berjaý edilmegini öwretmegiň orny;
  • Hazar sebitiniň tebigy özboluşlylygyny goramakda emeli adanyň ähmiýeti;
  • Hazar deňzindäki halkara  deňiz  portunyň ekologiýa jähtleri;
  • Tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak we Türkmenistanyň tebigaty goramak hakyndaky kanunçylygy;
  • Hazar deňziniň kenarýaka landşaftlarynyň ekologik ýagdaýyna baha bermek, diýen nutuklar bilen çykyşlary edýärler.

Ähli hukuklary goralan.