Amaly informatika
“Awtomatlaşdyrma we amaly informatika” taýýarlygyň ugry ylmyň we tehnikanyň ugurlaryna degişli bolup, bu ugur boýunça tehniki ulgamlarda kompýuter ylymlarynyň, matematikanyň we awtomatlaşdyrmagyň amaly bilimlerini ýeterlik derejede ele alan, şol ugra degişli meseleleri kompýuter usullary arkaly çözüp bilýän we tehnologiýalaryň professional maglumat ulgamlaryna gönükdirilen işleriň çäklerinde maglumat proseslerini döredip, modelirläp, seljerip, programmirläp, analiz edip bilýän bakalawrlar taýýarlanylýar.
“Awtomatlaşdyrma we amaly informatika” taýýarlygyň ugry boýunça bakalawr düýpli we ýörite taýýarlygyna laýyklykda taslama-konstruktorçylyk we tehnologiki guramalarda ylmy-barlag, önümçilik-dolandyryş, dolandyryş-guramaçylyk we ulanyş işleri ýerine ýetirip biler. Ol okuw döwründe alan bilimlerine we tejribelerine daýanyp degişli meseleler toplumyny çözmeli.
Dürli görnüşli usullary we çözgütleri ulanyp maglumat ulgamlary üçin dürli hünär meseleleri formulirlemek we çözmek; maglumat ulgamlaryny ulanyjylaryň lokal we global torlarynyň hyzmaty üçin ulgamy taslamagyň meselelerini goýmak we çözmek; maglumat ulgamlary bilen adamyň arasyndaky iş sredasy bilen baglanyşykly meseleleri goýmak we çözmek; çylşyrymly maglumat ulgamlaryna gönükdirilen işlerde interfeýs serişdelerini saýlamagy başarmak; kärhanalarda maglumat ulgamlary we matematiki modelleri ulanmak arkaly meýilnama–ykdysady işi alyp barmak, işiň tehniki-ykdysady görkezijilerini derňemek we hasaplamak; anyk ugurlara gönükdirilen funksional-maglumat proseslerini we onuň serişdelerini, modelirleme usullaryny döredip we ornaşdyryp bilmek; önümçilik serişdeleriniň rejeli peýdalanylyşyny we pudak önümçiligini guramaklygy, tehnikany, tehnologiýany hasaba alyp dolandyryş we hojalyk çözgütleri esaslandyrmak “Awtomatlaşdyrma we amaly informatika” taýýarlygyň ugry boýunça bakalawrynyň iş ugurlary bolup durýarlar.