Emeli aň ulgamlary we maglumatlary seljermek
“Emeli aň ulgamlary we maglumatlary seljermek” hünäri ylmyň we tehnikanyň ugurlaryna degişli bolup, hünärmeniň tehnologik önümlerini döretmekde önümçilik-tehnologiki, guramaçylyk-dolandyryş, eksperimental-barlag, ylmy-barlag we taslama-konstruktorçylyk işlerini ýerine ýetirmegi, barlaglardan geçirmegi, kämilleşdirmegi, sazlamagy, teklip edilen modeliň esasynda algoritmini taýýarlamagy, degişli programmany düzmegi, taýýarlanan programma önümlerini ýola goýmagy we dürli maksatly maglumat-hasaplaýyş ulgamlary üçin programma üpjünçiligini taslamagy, programma üpjünçiligini işläp taýýarlamagyň usullaryny, maglumat-hasaplaýyş ulgamlarynyň maglumat, algoritmik, enjam, programma we usuly üpjünçiligini döretmegi hem-de peýdalanmagy göz öňünde tutýar.
„Emeli aň ulgamlary we maglumatlary seljermek” hünäri boýunça inžener-programmist düýpli we ýörite taýýarlygyna laýyklykda taslama-konstruktorçylyk, tehnologiki guramalarda, ylmy–barlag, önümçilik-dolandyryş, dolandyryş-guramaçylyk we ulanyş işleri ýerine ýetirip biler. Ol okuw döwründe alan bilimlerine we tejribelerine daýanyp degişli meseleler toplumyny çözmeli.