Document

Telekommunikasiýa ulgamlarynyň maglumat howpsuzlygy

“Telekommunikasiýa ulgamlarynyň maglumat howpsuzlygy” hünäri boýunça telekommunikasiýa ulgamlaryndan we torlaryndan hem-de serişdelerinden baş çykarýan, şeýle ulgamlarda we torlarda maglumatlary geçiriş we ýaýradyş funksional bloklarynyň enjamlaryny gurnap, sazlap we synagdan geçirip, maglumat we maglumatlaşdyryş obýektleriniň gorag serişdelerini taslap, telekommunikasiýa ulgamlarynda maglumatlaryň goragy boýunça ýüze çykýän meseleleri başarnykly çözüp, olardan baş çykaryp bilýän telekommunikasiýalar boýunça inženeri taýýarlanylýar. 
„Maglumat howpsuzlygy” hünäri boýunça inžener we “Telekommunikasiýa ulgamlarynyň maglumat howpsuzlygy” hünäri boýunça telekommunikasiýalar boýunça inženeri “Türkmenaragatnaşyk” agentligine degişli “Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň ýerlerdäki bölümlerinde, “Altyn Asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň kärhanalarynda, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň Kosmos müdirliginde, Türkmenistanyň bank, maliýe we beýleki ulgamlarynyň edaralarynda we guramalarynda, ylmy-barlag edaralarynda ýokary hünärmen üçin niýetlenen wezipeleri eýeläp biler. 

Ähli hukuklary goralan.