“Maglumat we kibernetik gorag ulgamlary” kafedrasynyň ugry boýunça talyplar häzirki zaman maglumat howpsuzlyk tehnologiyalaryny dürli ulgamlarda bolup geçyän informasion prosessleri, şeýle hem informasion prosessleriň serişdeleriniň we tehnologiyalarynyň awtomatizasiyasyny öwredilýär. Maglumat howpsuzlygy talyplarda häzirki zaman ylmy dünyägaraýşyň döremegine, intellektual mümkinçilikleriniň ösmegine ýardam berilýär.Talyplary maglumat goramak meselesiniň mazmuny (milli howpsuzlygynyň düzüm bölekleriniň biri hökmünde) bilen tanyşdyrmak. Maglumat ulgamlarynda ulanylýan howpsuzlyk serişdelerini ulanmaklygynyň usullaryny öwredilýär.
Taýýarlanylýan hünärler: “Maglumat howpsuzlygy” we “Telekommunikasiýa ulgamlarynyň maglumat howpsuzlygy”. Bu hünärlerde maglumat goramak we howpsuzlyk tehnologiýalary öwrenmeklik talyplar üçin okuw prosessindeesas bolýar. Talyplartelekommunikasiýa ulgamlarynda maglumaty goramagyň wezipeleri we meseleleri, aragatnaşyk ulgamlarynda maglumat howpsuzlygynyň tehniki serişdeleri, telekommunikasiýa ulgamlarynda maglumat howpsuzlygynyň programma we enjam serişdeleri, elektron hasaplaýyş maşynlarynda (EHM) we elektron hasaplaýyş maşynlarynyň (EHM) torlarynda maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek barada ýeterlik derejede bilim alýarlar. Talyplar häzirki zaman telekommunikasiýa ulgamlarynda maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek üçin tehniki serişdeleri ulanmagyň esaslaryny öwrenmek hem-de ylmynyň dünýägaraýyşyna we ulgamlaýyn pikirlenmäniň ösüşine düzmegine kömek edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Güýçli döwletde ylym esasy orny eýeleýär, diýmek, biz ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmelidiris” diýen sözlerinden ugur alyp, talyplar bilen ylmy işler alnyp barylýar.“NTRU algoritminiň kömegi bilen maglumatlary goramak” atly ylmy tema boýunça alnyp barylýan ylmy iş G.Çopanow, “MweKGU” kafedrasynyň müdiriniň w.w.ýe.ýe., uly mugallym, f-m.y.k. ýolbaşçylygynda ýerine ýetirilýär. By ylmy işde talyplar häzirki zaman maglumat howpsuzlyk tehnologiyalaryny dürli ulgamlarda bolup geçyän informasion prosessleri, şeýle hem kriptografiýanyň düzgünleri, şifrleriň iň köp ýaýran görnüşlerini hödürleýär wekriptografiýa usullary, maglumat bitewiligi düşünjeleri, kriptografikteswirnamalar, elektron goltehnologiyalaryny öwredyär. Kriptografiýa esasynda matematiki nazaryýeti düşündirilýär.kriptografiki usullaryň kömegi bilen maglumatlary goramagy we bu usullaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilişiniň mysallaryny ulanmak geçirilýär. Bu ylmy işde şu esaslary bermek, ýagny:kriptografiki usullary ulanmaga esaslanýan tehniki serişdeler arkaly iberilýän we gaýtadan işlenýän maglumatlary goramagy guramak üçin yzygiderli çemeleşmesi, şifrleri sintez etmek we derňemek ýörelgelerini, kriptografiýada ulanylýan matematiki usullar ulanmaklygy öwredilýär. Talyplary maglumatlaryň kriptografiýa goramak meselesiniň mazmuny (milli howpsuzlygynyň düzüm bölekleriniň biri hökmünde) bilen tanyşdyrmak. Maglumat ulgamlarynda ulanylýan howpsuzlyk serişdelerini birini hem, ulanmaklygynyň usullaryny öwrenmekdir. Bu ylmy işe hem kafedranyň mugallymlary we talyplary işjeň gatnaşýarlar.
Talyplaryň özbaşdak ylmy işleri: “Maglumaty goramagyň kriptografik usullary” G.Şahanow, “TUMH” hünäriniň 3-nji ýyl talyby, ylmy ýolbaşçy: G.Çopanow uly mugallym, f-m.y.k.; “Kriptografik açalýary dolandyrmagyň usullary” N.Nazarow, “TUMH” hünäriniň 3-nji ýyl talyby, ylmy ýolbaşçy: G.Çopanow uly mugallym, f-m.y.k.; “Komputer wiruslaryň umumy häsiýetleri” M.Atageldiýewa, “TUMH” hünäriniň 3-nji ýyl talyby, ylmy ýolbaşçy: A.Çopanowa mugallym; “Dünýä boýunça global howplaryň konteksti kiberhowpsuzlygyň häzirki zaman aspektleri” G.Bazarowa, “TUMH” hünäriniň 3-nji ýyl talyby, ylmy ýolbaşçysy A.Çopanowa, mugallym.
“NTRU algoritminiň kömegi bilen maglumatlary goramak” atly ylmy tema boýunça alnyp barylýan ylmy işinde: Kiberhowpsuzlyk boýunça ylmy çeşmeler bilen tanyşmak, Kriptografiýanyň matematiki esaslaryny öwrenmek bölümlerinde seljerime işler geçirilýär.
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” ylym-bilim ulgamyny yzygiderli pugtalandyrmaga, ýokary tehnologiýalara, düýpli nazaryýet bilimlerine we ylymlaryna esaslanýan sanly ykdysadyýetiň düzümlerini döretmäge aýratyn orun berilýär. Hormatly Prezidentimiziň karary bilen tassyklanan Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda bilim bermegiň ähli basgançaklary ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün edilýär, sanly serişdeler giňden peýdalanyp, bilimiň mazmuny baýlaşdyrylýar, hili ýokarlandyrylýar we okatmagyň usu lyýeti kämilleşdirilýär. Umuman, döwletimiz ýaş nesliň kämil ylym-bilim, edep-terbiýe almagy üçin ähli şertleri döredýär. Halkymyzyň taryhyny bilýän, döwletimiziň ýeten belentliklerine guwanýan, ylymly-bilimli, Watanymyzy has-da ösdürmäge ukyply, hakyky watan söýüji nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek bilim işgärleriniň baş maksady bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň: «Ýaşlar biziň geljegimizdir. Olar häzirki zaman tehnologiýalaryny we innowasiýalaryny özleşdirip, Garaşsyz döwletimiziň ösüş depgininiň has üstünlikli bolmagyny üpjün etmelidir» diýen parasatly sözlerinden ugur alnyp, ýurdumyzda milli bilim ulgamyny ösdürmek we dünýäde rejesine çykarmak maksady bilen oňyn özgertmeler durmuşa geçirilýär.
Kiber howpsuzlyk maglumat tehnologiýalarynyň häzirki zaman ösüşi we ähmiýeti boýunça möhüm meseleleriň biri bolup durýar. Maglumat tehnologiýalarynyň durmuşa girizilmegi häzirki döwürde jemgyýetiň adaty ýaşaýşy bilen özara baglanyşyklygy döredýär. Maglumat ulgamyna hüjüm etmek – bu hüjümçiniň maglumatyň üç alamatynyň biriniň – elýeterliligiň, bitewiligiň ýa-da gizlinliginiň bozulmagyna gönükdirilen hereketleriniň jemidir. Ýurduň maglumat desgalarynyň we eýeçiligiň ähli görnüşinde ulanylýan aragatnaşyk ulgamlarynyň kibergoraglylyga degişlidigi aýdyldy. Olaryň hataryna döwlet häkimiýet edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň hem-de harby birikmeleriň elektron dolanyşygy, elektron döwlet hyzmatlary, elektron täjirçiligi, elektron resminama dolanyşygy ulgamlary girýär. Täze kanunçylyk namasynyň esasy maksadynyň “kiberözbaşdaklygy” goramakdygy göz öňünde tutulýar. Kiberhowpsuzlygy üpjün etmek üçin ýola goýulýan kanunçylyk binýady maglumat tehnologiýalaryny kiber hüjümlerden goramagyň esaslaryny kesgitleýär.
“Maglumat we kibernetik gorag ulgamlary” kafedrasynyň mugallymlary tarapyndan taýýarlanylanokuw kitaplary we gollanmalary:
Ähli hukuklary goralan.