Hasaplaýyş torlarynyň programma üpjünçiligi
“Hasaplaýyş torlarynyň programma üpjünçiligi” hünäri boýunça inžener-programmistiň hünär işiniň esasy görnüşleri torlary gurmak we dolandyrmak, maglumatlaryň goraglylygyny üpjün ediji ulgamlary işläp taýýarlamak, olaryň matematiki we algoritmleşdirilen modelleri, taslamagyň we amala aşyryşyň, dürli ýerlerde ulanmagyň usullary bilen baglanyşyklydyr.
“Hasaplaýyş torlarynyň programma üpjünçiligi” hünäri boýunça uçurymlar aşakdaky wezipeleri çözüp bilmäge ukyply bolmalydyrlar: programma önümini netijeli amala aşyrmak we onuň kömegi bilen HT-yny peýdalanyp barlaglary geçirmek maksady bilen hadysalaryň, prosesleriň matematiki modellerini saýlamaga hem-de özgertmäge; HT-laryň programma üpjünçilik serişdeleriniň aýratyňlyklaryny we talaplaryny ulanyjynyň islegi hem-de tehniki serişdeleriň mümkinçiligi esasynda işläp düzmäge; dürli ähmiýeti bolan tor ulgamlary we degişli enjamlary işläp taýýarlamakda howpsuzlyk şertlerini üpjün etmäge; sanly we belgili maglumatlary işlemek üçin ýokary derejeli dillerdäki programmalary resmileşdirmegi we barlagdan geçirmäge, olary işläp taýýarlamagyň serişdelerini we tehnologiýalaryny saýlamaga; iş döwründe häzirki zaman operasion ulgamlaryny, gurşawlaryny, hyzmat ediş programmalaryny peýdalanmaga; hasaplaýyş torlaryny öwrenmekde we taslamakda ulgamlaýyn modelirlemegiň usullaryny peýdalanmaga.