Document

Maglumat howpsuzlygy

„Maglumat howpsuzlygy” hünäri ylmyň we tehnikanyň ugurlaryna degişli bolup, hünärmeniň häzirki zaman informasion jemgyýetiň emele gelýän şertlerinde maglumat howpsuzlygynyň düýpli meselelerinden baş çykarmagy, kompýuter, awtomatlaşdyrylan, telekommunikasiýa, maglumat we maglumat-analitik ulgamlarynyň we tehnologiýalarynyň goraglylygyny  üpjün etmegi göz öňünde tutýar.
„Maglumat howpsuzlygy” hünäri boýunça inžener düýpli we ýörite taýýarlygyna laýyklykda taslama-konstruktorçylyk, tehnologiki guramalarda, ylmy–barlag, önümçilik-dolandyryş, dolandyryş-guramaçylyk we ulanyş işleri ýerine ýetirip biler. Ol okuw döwründe alan bilimlerine we tejribelerine daýanyp degişli meseleler toplumyny çözmeli.

Ähli hukuklary goralan.