Hereketli obýektler bilen aragatnaşyk serişdeleri
“Hereketli obýektler bilen aragatnaşyk serişdeleri” hünäri boýunça hereketli radioaragatnaşyk serişdelerinden baş çykarýan, hereketli radioaragatnaşyk ulgamlarynyň funksional bloklarynyň enjamlaryny gurnap, sazlap we synagdan geçirip, hereketli radioaragatnaşyk ulgamlaryny we torlaryny taslap, şeýle radioulgamlarda ýüze çykýan meseleleri başarnykly çözüp bilýän inženerler taýýarlanylýar.
Hünärmen dürli görnüşli hereketli we şol sanda mobil ýerüsti we kosmiki radioaragatnaşyk gurluşlaryny, ulgamlaryny, ses güýçlendiriji we radiohyzmat ediş enjamlaryny taslamagy we ulanylyşa girizmegi, olary sazlamagy we dolandyrmagy, iş wagtynda enjamlarda döreýän tehniki näsazlyklary düzetmegi, ulanylýan aragatnaşyk serişdeleriniň işiniň ýokary hilini we ygtybarlygyny üpjün etmegi; hereketli obýektler bilen aragatnaşyk serişdelerini işläp düzmek we kämilleşdirmek üçin tehniki ýumşy düzmegi, enjamlaryň we ulgamlaryň bejerilişini, olara hyzmat edilişini guramagy; hünäriň dürli ugurlary boýunça ylmy barlaglary geçirmegi, häzirki zaman hasaplaýyş we mikroprosessor tehnikasynyň esasynda awtomatlaşdyrylan taslama-barlag ulgamlaryndan peýdalanmagy; pudaga ornaşdyrylýan taslama we konstruktorçylyk çözgütleriniň tehniki-ykdysady amatlylygyny hasaplamagy, hereketli radioaragatnaşyk kärhanalarynda awtomatiki dolandyryş ulgamlaryny ulanmagy, radioaragatnaşyk kärhanalarynyň işine önümçilik-hojalyk derňewini bermegi; özbaşdak tehniki çözgütleri kabul etmegi, tehniki resminamalary düzmegi we olary ýörite düzgünler boýunça alyp barmagy, işçileriň we inźener-tehniki işgärleriniň hünärmentlik derejesini ýokarlandyrmagy we kärhanada amatly durmuş-psihologiki klimatyny döretmegi, oýlap tapyjylar hereketiniň ösüşini gazanmagy başarmalydyr.
Hünärmen “Türkmenaragatnaşyk” agentligine degişli “Altyn Asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýerlerdäki bölümlerinde, ylmy-barlag edaralarda ýokary hünärmen üçin niýetlenen wezipeleri eýeläp biler.