Ykjam we wideomaglumat tehnologiýalary kafedrasy

“Ykjam we wideomaglumat tehnologiýalary” kafedrasynda ,,Ýerüsti mobil radiotorlaryň VSAT hemra radiokanallary bilen  elektromagnit ylalaşygynyň derňewleri’’ atly tema boýunça ylmy iş alnyp barylýar.

Ylmy ýolbaşçysy:f-m.y.k., dosent Ç.Seýitnepesow.

Ylmy işiň derwaýyslygy: Senagatyň we ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda bir meňzeş ýa-da golaý radioýygylyklar zolagynda işleýän telekommunikasiýa we radioelektron serişdeleriniň sanynyň yzygiderli artmagy, olaryň elektromagnit ylalaşygynyň meseleleriniň optimal çözülmegini çylşyrymlaşdyrýar. Bu meseleleriň optimal çözülmegi diňe Türkmenistanyň çäklerinde wajyp bolman, eýsem biziň ýurdumyza goňşy ýurtlaryň çäklerinde hem çözülmegi möhüm halkara ähmiýetine eýedir. 

      Dünýäniň dürli ýurtlarynda uly şäherleriň şertlerinde radioelektron serişdeleriniň elektromagnit utgaşmasynyň optimal çözülişleri üçin, ylmy we taslama guramalary tarapyndan dürli programma üpjünçilik serişdeleri, radiomonitoring  enjamlary we ulgamlary giňden ulanylýar.

      Radioelektron we radioaragatnaşyk serişdeleriniň elektromagnit ylalaşygynyň meselelerini çözmek üçin bu serişdeleriň hyzmat ediş zolaklarynda olaryň ýerleşýän ýerleriniň geografiki-arhitektura relýefiniň aýratynlyklary hasaba almak hem zerurdyr. Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň beýleki ilatly ýerlerinde radioelektron serişdeleriniň elektromagnit ylalaşygynyň dürli meselelerini nazaryýet taýdan öwrenmek, ölçeg derňewlerin geçirmek hem-de ýörite programma üpjünçilik ulgamlaryny işläp düzmek möhüm ähmiýete eýedir.

Ylmy işiň maksady:

  • GSM/UMTS öýjükli torlaryň radiorele aragatnaşyk ulgamlarynyň “TürkmenÄlem 52°E” milli aragatnaşyk hemrasynyň VSAT hemra radiokanallary bilen elektromagnit ylalaşygynyň hasaplamalaryny;
  • 3GPP LTE öýjükli torlaryň radiorele aragatnaşyk ulgamlarynyň “TürkmenÄlem 52°E” milli aragatnaşyk hemrasynyň VSAT hemra radiokanallary bilen elektromagnit ylalaşygynyň hasaplamalaryny;
  • Aşgabat şäherinde we oňa golaý ilatly ýerlerde radioelektron serişdeleriň özara we ýerüsti mobil radiotorlaryň baza stansiýalary bilen elektromagnit ylalaşygynyň nazary we ölçeg derňewlerini
  • Aşgabat şäherinde we oňa golaý ilatly ýerlerde öýjükli torlaryň hyzmat ediş zolaklarynda fon radiogalmagallarynyň ölçeg derňewlerini geçirmekden durýar.

Ylmy täzeligi: 

      GSM/UMTS we 3GPP LTE öýjükli aragatnaşyk torlarynyň düzümine girýän  radiorele maglumatlary geçiriş  ulgamlarynyň Türkmen Älem 520E aragatnaşyk hemrasynyň VSAT radiokanallary  bilen elektromagnit ylalaşygynyň nazary we tejribe derňewlerini geçirmek. 

Garaşylýan netijeler:

       Aşgabat şäherinde we oňa golaý ilatly ýerlerde GSM/UMTS we 3GPP LTE öýjükli aragatnaşyk torlarynyň hyzmat ediş zolaklarynda  olaryň düzüminde ulanylýan radiorele maglumatlar geçiriş ulgamlarynyň beketleriniň  VSAT hemra radiokanallary bilen elektromagnit ylalaşygynyň  derňewlerini  geçirmegiň esasynda öýjükli we radiorele ulgamlarynyň beketleriniň ýygylyk-ýerleşiş  paýlanşyny amatlaşdyrmak boýunça tehniki  maslahatlar işlenip düzüler.

 

          Türkmenaragatnaşyk’’ agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň talyplary üçin ýörite hünär dersleri boýunça  teleköpri guramak arkaly aralykdan umumy okuw sapaklary gurnaldy.

Dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw  mekdepleriniň  professor -mugallymlarynyň sapaklaryna teleköpri guramak arkaly aralykdan umumy okuw sapaklary aşakdaky tertipde gurnaldy:

  1. Prof. Mircea Dabacan, Tehcnical Uniwersity of Cluj-Naboca, Romaniya

Topic:Digital representation in electrical circuits;

  1. Prof. Mircea Dabacan, Tehcnical Uniwersity of Cluj-Naboca, Romaniya

Topic: Digital to Analog conversion

  1. Prof. Mircea Dabacan, Tehcnical Uniwersity of Cluj-Naboca, Romaniya

Topic:Analog to Digital conversion 

“Ykjam we wideomaglumat tehnologiýalary” kafedrasynda okadylýan okuw dersleri boýunça okuw kitaplarynyň we okuw gollanmalarynyň sanawy:

  1. “Kosmiki radioulgamlaryň signal generirleýji we emele getiriji gurluşlary”;
  2. “Radiotolkunlaryň ýaýraýşy we kosmiki aragatnaşyk ulgamlarynyň antenna-fider gurluşlary”;
  3. “Hereketli radioaragatnaşyk ulgamlarynyň radioiberiji gurluşlary we enjamlary”;
  4. “Elektronika, radiotehnika we aragatnaşyk ulgamlary” ;
  5. “Hereketli obýekler bilen aragatnaşyk serişdeleri”;
  6. “Radiotolkunaryň ýaýraýyşy we antenna-fider gurluşlary”;
  7. “Hünäre girişmek”;
  8. “Radioaragatnaşyk, radioýaýlym we telewideniýe”;
  9. “Hereketli obýektler bilen aragatnaşyk serişdeleri”.

“Ykjam we wideomaglumat tehnologiýalary” kafedrasynyň mugallymlary tarapyndan  “Durmuş ulgamyna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy”, “Первый рабочий визит”, “Sanly ulgam-ösüşiniň binýady” atly temalar boýunça ylmy makalalar yzygiderli taýýarlanylýar.

Ähli hukuklary goralan.