Document

«BIZNES REKLAMA» ga­ze­ti in­di elekt­ron gör­nüş­de

«BIZNES REKLAMA» ga­ze­ti in­di elekt­ron gör­nüş­de

Köpimiz, megerem, «Biznes reklama» gazetiniň web-saýtynyň işläp başlanyndan habarly hem däldiris. Institutyň maglumat tehnologiýalary we awtomatlaşdyrma fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Akgözel Gurbangulyýewa bu taslamany bary-ýogy üç aýyň dowamynda amala aşyrdy. Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine degişli bolan «Biznes reklama» gazetini indi br.com.tm internet salgysynyň üsti bilen elektron görnüşde okamak mümkinçiligi bar. Türkmen, iňlis hem rus dillerindäki bu saýtda «Baş sahypa», «Resmi habarlar», «Söwda we hyzmat», «Ýerli önümçilik», «Jahan habarlary», «Arhiw» ýaly bölümler bolup, onda gazetiň her sanynda çap edilen habarlar elektron görnüşde ýerleşdirilýär. «Arhiw» bölüminde bolsa gazetiň PDF nusgalaryny ýükläp almak mümkinçiligi bar. Akgözel heniz mekdep okuwçysy döwründe Telekommunikasiýalar we informatika institutynda hereket edýän Ýaş alymlar geňeşine agza bolup, maglumat tehnologiýalary ulgamy bilen içgin gyzyklanyp başlady. Häzir ol ýene-de bir täze web-saýty döretmegiň üstünde işleýär we geljekde ökde web-dizaýner bolmagy arzuw edýär

1572

Ähli hukuklary goralan.