Document

Senagat elektronikasy

“Senagat elektronikasy” hünäri boýunça önümçilik proseslerinde elektron barlag, ölçeg we dolandyryş ulgamlaryndan, enjamlaryndan we serişdelerinden, maglumatlary ýygnaýyş, işläp geçiş we geçiriş elektron ulgamlaryndan baş çykaryp bilýän, şeýle ulgamlaryň funksional bloklarynyň enjamlaryny gurnap, sazlap, synagdan geçirip, senagat elektron ulgamlaryny, abzallaryny we gurluşlaryny taslap, elektron ulgamlarda ýüze çykýan meseleleri başarnykly çözüp, olardan baş çykaryp bilýän inženerler taýýarlanylýar.
    Hünärmen “Türkmenaragatnaşyk” agentligine we Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine degişli ýerlerdäki bölümlerinde, ylmy-barlag edaralarynda ýokary hünärmen üçin niýetlenen wezipeleri eýeläp biler.
Hünärmen önümçilik proseslerinde elektron barlag, ölçeg we dolandyryş ulgamlaryny, enjamlaryny we serişdelerini, maglumatlary ýygnaýyş, işläp geçiş we geçiriş elektron ulgamlaryny ulanylyşa girizmegi, olary sazlamagy we dolandyrmagy, iş wagtynda enjamlarda döreýän tehniki näsazlyklary düzetmegi, ulanylýan senagat elektron serişdeleriniň işiniň ýokary hilini we ygtybarlylygyny üpjün etmegi; senagat elektron serişdelerini işläp düzmek we kämilleşdirmek üçin tehniki ýumşy düzmegi, enjamlaryň we ulgamlaryň bejerilişini, plara hyzmat edilişini guramagy; hünäriň dürli ugurlary boýunça ylmy barlaglary geçirmegi, häzirki zaman hasaplaýyş we mikroprosessor tehnikasynyň esasynda awtomatlaşdyrylan taslama-barlag ulgamlaryndan peýdalanmagy; pudaga ornaşdyrylýan taslama we konstruktorçylyk çözgütleriniň tehniki-ykdysady amatlylygyny hasaplamagy, senagat elektron ulgamlarynyň kärhanalarynda awtomatiki dolandyryş ulgamlaryny ulanmagy; elektron senagat kärhanalarynyň işine önümçilik-hojalyk derňewini bermegi; özbaşdak tehniki çözgütleri kabul etmegi, tehniki resminamalary düzmegi we olary ýörite düzgünler boýunça alyp barmagy, işçileriň we inźener-tehniki işgärleriniň hünärmentlik derejesini ýokarlandyrmagy we kärhanada amatly durmuş-psihologiki klimaty döretmegi, oýlap tapyjylar hereketiniň ösüşini gazanmagy başarmalydyr.

Ähli hukuklary goralan.