“Radioaragatnaşyk we radiotehniki ulgamlar’’ kafedrasynda “Ýerüsti mobil radiotorlaryň VSAT hemra radiokanallary bilen elektromagnit ylalaşygynyň derňewleri’’ atly ylmy- barlag iş alnyp barylýar.
Ylmy ýolbaşçysy: f-m.y.k., dosent Ç.Seýitnepesow.
Ylmy işiň derwaýyslygy: Senagatyň we ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda bir meňzeş ýa-da golaý radioýygylyklar zolagynda işleýän telekommunikasiýa we radioelektron serişdeleriniň sanynyň yzygiderli artmagy, olaryň elektromagnit ylalaşygynyň meseleleriniň optimal çözülmegini çylşyrymlaşdyrýar. Bu meseleleriň optimal çözülmegi diňe Türkmenistanyň çäklerinde wajyp bolman, eýsem biziň ýurdumyza goňşy ýurtlaryň çäklerinde hem çözülmegi möhüm halkara ähmiýetine eýedir.
Dünýäniň dürli ýurtlarynda uly şäherleriň şertlerinde radioelektron serişdeleriniň elektromagnit utgaşmasynyň optimal çözülişleri üçin, ylmy we taslama guramalary tarapyndan dürli programma üpjünçilik serişdeleri, radiomonitoring enjamlary we ulgamlary giňden ulanylýar.
Radioelektron we radioaragatnaşyk serişdeleriniň elektromagnit ylalaşygynyň meselelerini çözmek üçin bu serişdeleriň hyzmat ediş zolaklarynda olaryň ýerleşýän ýerleriniň geografiki-arhitektura relýefiniň aýratynlyklary hasaba almak hem zerurdyr. Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň beýleki ilatly ýerlerinde radioelektron serişdeleriniň elektromagnit ylalaşygynyň dürli meselelerini nazaryýet taýdan öwrenmek, ölçeg derňewlerin geçirmek hem-de ýörite programma üpjünçilik ulgamlaryny işläp düzmek möhüm ähmiýete eýedir.
Ylmy işiň maksady:
Ylmy täzeligi:
GSM/UMTS we 3GPP LTE öýjükli aragatnaşyk torlarynyň düzümine girýän radiorele maglumatlary geçiriş ulgamlarynyň Türkmen Älem 520E aragatnaşyk hemrasynyň VSAT radiokanallary bilen elektromagnit ylalaşygynyň nazary we tejribe derňewlerini geçirmek.
Garaşylýan netijeler:
Aşgabat şäherinde we oňa golaý ilatly ýerlerde GSM/UMTS we 3GPP LTE öýjükli aragatnaşyk torlarynyň hyzmat ediş zolaklarynda olaryň düzüminde ulanylýan radiorele maglumatlar geçiriş ulgamlarynyň beketleriniň VSAT hemra radiokanallary bilen elektromagnit ylalaşygynyň derňewlerini geçirmegiň esasynda öýjükli we radiorele ulgamlarynyň beketleriniň ýygylyk-ýerleşiş paýlanşyny amatlaşdyrmak boýunça tehniki maslahatlar işlenip düzüler.
“Radioaragatnaşyk we radiotehniki ulgamlar’’ kafedrasynda okadylýan okuw dersleri boýunça okuw kitaplarynyň we okuw gollanmalarynyň sanawy:
Ähli hukuklary goralan.