Kompýuter ylymlary kafedrasynda okadylýan dersleriň sanawy aşakdakylardan ybarat:
Kafedrada “Ýokary bilim ulgamynda okuw prosessini guramagyň sanly tehnologiýasyny işläp düzmek (okuw meýilnamasynyň esasynda)” atly ylmy iş alnyp barylýar.
Bu işiň derňew obýektleri bolup, ýokary okuw mekdepleriniň okuw meýilnamalaryny düzmekliginiň ulgamy hem-de okuw meýilnamalaryny düzmekligini kämilleşdirmek mümkinçiligi bolup durýar.
Işiň maksady:ýokary okuw mekdepleriniň okuw meýilnamalaryny düzmekliginiň prosessiniň netijeliligini ýokarlandyrmak.
Okadylýan dersleriň sanawy durnukly bolan orta mekdepler bilen deňeşdirilende ýokary okuw mekdeplerde bilimleriň täze ugurlar bilen bilelikde täze ýörite dersler hem peýda bolýar. Täze dersleri tejribede öwrenmek we özleşdirmek üçin kesgitlenen wagt örän çäklidir, şol sebäpli hünärmenleriň köpüsi bilimiň mazmunyny modelirlemekligiň usullaryň üsti bilen öwrenmekligi maslahat berýärler. Bular ýaly struktura modeli okuw prosessini doly ýagdaýda beýan etmeklige ukyplydyr. Modelirleme çemeleşmesi okuw prosessini çylşyrymly dinamiki ulgam hökmünde kabul edip, maglumatlary işlemekligiň tehniki serişdelerini ulanmaklygyň üpjün edýän uly mümkinçiliklerini hasaba almaklyga ýardam edýär. Okuw prosessini öwrenmeklikde model onuň komponentleriniň arasyndaky arabaglanyşyklaryň we gatnaşyklaryň wizual beýany hökmünde çykyş. Şeýlelikde, ýokary okuw mekdebiň okuw prosessini guramakda we onuň ylmy derňewinde modelirleme örän zerur bolup durýar.
Işiň ylmy täzeligi: bu işde okuwyň mazmunyny guramaklygyna hil taýdan täze çemeleşmesi ulanylýar, ol hünär başarnyklary emele getirmeklikde her bir moduliň ýetirýän täsiriniň seljermesine hem-de okuw modulleriň arasyndaky bar bolan logiki baglanyşygynyň çuňňurlygynyň kömegi bilen maglumatlary beýan etmekliginiň logikasynyň seljermesine esaslanýar. Ondan başga-da, bu ýerde başlangyç maglumatlary toplamaklygyň we işlemekligiň usullary hem-de sintez meseleleri çözmekligiň usullary hödürlenýär.
Wajyplygy: bu işde şahsy kompýuterler üçin niýetlenen ýokary okuw mekdepleriň okuw meýilnamalarynyň sintez ulgamyň awtomatlaşdyrylan görnüşini döretmek meýilleşdirilýär. Bu ulgamyň kömegi bilen sinteziň saýlanan algoritmi boýunça talaba laýyk okuw meýilnamasyny düzüp bolar diýip hasap edilýär. Başlangyç parametrlerini sazlamak mümkinçiligiň kömegi bilen alynjak netijelerini üýtgedip bolýar.
Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti
ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda ýurdumyzyň ähli ýokary okuw jaýlarynda okuw prosessiniň sanly ulgama geçmegi wajyp meseleleriň biri bolup durýar.
Kafedrada sanly tehnologiýalar babatda alnyp barylýan ylmy-barlag işleriniň netijelerini okadylýan dersler boýunça okuw maksatnamalaryny häzirki zaman tehnologiýalary bilen kämilleşdirmek meýilleşdirilýär.
Dünýäde häzirki zaman hem-de geljekde döredilmegi meýilleşdirilýän bilim ulgamy üçin sanly tehnologiýasynyň çözgütlerini seljermegiň esasynda Türkmenistanyň ýokary okuw bilim ulgamynda okuw prosessini guramagyň sanly tehnologiýasyny işläp düzmek meýilleşdirilýär.
Kafedra boýunça aşakdaky dersler boýunça okuw kitaplar we gollanmalar taýýarlanyldy:
Ähli hukuklary goralan.