Fizika kafedrasynda “Türkmenistanda ýarymgeçirijileriň kömegi bilen fotoelektrik energiýasyny öndürmekligiň we peýdalanmaklygyň aýratynlygy” atly ylmy-barlag işi alnyp barylýar. Bu ylmy-barlag işiniň wajyplygy aşakdakylardan ybarat. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri dünýäde soňky on ýyllyklarda uly ösüşlere eýe boldy. Dünýäniň gün fotoelektrik bazarynyň ösüş depgini ýylda 30% gowrak deňdir, öndürilýän gün fotoelektrik gurluşlarynyň (desgalarynyň) göwrümi 2006-njy ýylda 2,4 GWt, 2010-njy ýylda 10,4 GWt, 2018-nji ýylda 102,4 GWt, 2019-njy ýylda 128 GWt barabar boldy. Gün energiýasyndan peýdalanmak üçin Türkmenistan amatly faktorlaryň birnäçesine eýedir. Biziň ýurdumyz gün şöhlesine baýdyr, ýagny ýylyň 365 gününiň 300-den gowragy güneşli günlerdir. Şol sebäpden gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmaklygyň meselesi örän aktualdyr. Gün energetikasynyň ornaşdyrylmagy umuman ykdysadyýetiň, kiçi telekeçiligiň durnukly ösüşine we Türkmenistanyň etraplarynda täze iş orunlarynyň döremegine ýardam berer hem-de Türkmenistanyň BMG-niň guramasynda bar howanyň üýtgemegi we çölleşmä garşy göreş Konwensiýalaryna laýyklykda daşky gurşawy goramak boýunça Milli Meýilnamanyň çäklerinde merkezi Garagumyň çöllik ýerlerini özleşdirmekde Milli Maksatnamany ýerine ýetirmäge hemaýat berer.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen bir hatarda ylym-bilim, energetika ulgamlary hem uly ösüşler bilen öňe barýar. Bu ösüşler bolsa ýörite kabul edilen maksatnamalar esasynda amala aşyrylýar. Halk bähbitli maksatnamalaryň biri hem “Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013-2020-nji ýyllar üçin konsepsiýasy” bolup durýar. Bu konsepsiýa şu döwür üçin elektrik energiýasy pudagynda amala aşyrylmaly işleriň meýilnamasy bolup, bu işler öz meýilnamasy boýunça yzygiderli amala aşyrylýar. Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerinden peýdalanmak milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, şol sanda oba senagat toplumynyň kärhanalaryny elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge, halkyň ýaşaýyş-durmuş hyzmatlarynda ulanmaklygy ýola goýmaga uly mümkinçilikleri döredýär. Häzirki wagtda Günüň we ýeliň energiýasyny ilata durmuş-ýaşaýyş we medeni hyzmatlaryny ýerine ýetirýän kärhanalaryny elektrik we ýylylyk energiýasy bilen üpjün etmekde ulanmaklygyň uly ähmiýeti bardyr.
Hormatly Prezidentimiziň Kararlary bilen tassyklanan Maksatnamalarda halk hojalygynyň dürli pudaklaryny innowasion esasda ösdürmek bilen bir hatarda milli elektron senagatyny döretmeklik, Günüň energiýasyny elektrik energiýa öwürýän tehnologiýalary, ýagny gün panellerini öndürmegi ýola goýmak hem maksat edilýär. Garagum çölüniň çägesinden kremniý alyp, onuň esasynda gün panellerini döretmegiň tehnologiýasynyň ýola goýulmagy diňe bir elektron senagatyny döretmäge däl-de, eýsem energiýa resurslarymyzy we tebigy baýlyklarymyzy tygşytly we netijeli ulanmak, daşky gurşawy goramak, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly umumadamzat meselelerini çözmäge gönükdirilendir.
Kafedranyň mugallymlary tarapyndan taýýarlanylan okuw kitaplar we gollanmalar:
Fizika kafedrasynyň mugallymlary tarapyndan “Ýokary tehniki okuw mekdeplerinde himiýa derslerinde önümçilkde häzirki zaman himiki materiallaryny öwretmegiň aýratynlyklary”, “Türkmen karbamidi dünýä bazarynda”, “Polimerleriň önümçilikdäki ähmiýeti” “Ykdysadyýetde kämil ugur” atly temalar boýunça makalalar yzygiderli taýýarlanylýar.
Ähli hukuklary goralan.