BILIM ÖZGERTMELERINIŇ BATLY GADAMLARY

Image
  • 04/11/2022
  • 137

BILIM ÖZGERTMELERINIŇ BATLY GADAMLARY

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Galky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­myz­da ýaş ne­sil­le­re be­ril­ýän bi­li­miň hi­li kä­mil­leş­di­ril­ýär, olary mil­li we dün­ýä tej­ri­be­si­niň ga­za­nan­la­ry esasyn­da ter­bi­ýe­le­mek­de oňat ne­ti­je­ler ga­zanyl­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tanly­gyn­da ýur­du­myz dün­ýä we se­bit bäh­bit­li öz­gert­me­ler bi­len ak er­tir­le­ri na­zar­lap, ynamly öňe bar­ýar. Döw­le­ti­mi­ziň alyp bar­ýan içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty hal­ka­ra gi­ňiş­li­gin­de we se­bit möç­be­rin­de be­lent äh­mi­ýet­li­li­gi bi­len hä­si­ýet­len­di­ril­ýär. Bi­lim ul­ga­myn­da hal­kara gat­na­şyk­lar iş­jeň­leş­di­ril­ýär, bi­li­miň dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne ky­bap gel­ýän usu­ly­ýet esas­la­ry iş­le­ni­lip dü­zül­ýär we iş tej­ri­be­si­ne or­naşdy­ryl­ýar. Bi­lim ul­ga­myn­da ga­za­ny­lan­la­ryň yk­dy­sa­dy bäh­bit­le­re gö­nük­di­ril­me­gi döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rülýär we «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022 — 2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­megiň Mil­li mak­sat­na­ma­sy» hem-de «Türk­menis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2022 — 2028-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy» esa­syn­da al­nyp ba­ryl­ýar. Ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry bi­lim ul­ga­myn­da tä­ze teh­ni­ki se­riş­de­le­ri, okuw-usu­ly en­jamla­ry or­naş­dyr­mak we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li al­nyp ba­ryl­ýar. Şeý­le-de pro­fes­sor-mu­gal­lym­la­ryň oka­dyş usul­la­ry­ny kä­mil­leş­dir­mek, tä­ze usu­ly tär­le­ri göz­le­mek, ola­ry iş tej­ri­be­si­ne or­naşdyr­mak, bu ugur­lar­da dün­ýä tej­ri­be­si­ni peýda­lan­mak, hü­när­men taý­ýar­la­mak we kä­milleş­dir­mek ýa­ly iş­le­re äh­mi­ýet be­ril­ýär. «Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» ýy­ly­nyň 10-11-nji okt­ýab­ryn­da ge­çi­ri­len «Sag­ly­gy go­ra­ýyş, bi­lim we sport Ber­ka­rar döw­letiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de» at­ly hal­ka­ra ser­gi we yl­my mas­la­hat aý­ra­tyn ma­ny-maz­mu­na eýe bol­dy. Bu ser­gä gat­na­şyjy­lar bi­lim ul­ga­myn­da al­nyp ba­ryl­ýan düýp­li öz­gert­me­le­re de­giş­li baý mag­lu­mat­lar bi­len giň­den ta­nyş­ma­ga müm­kin­çi­lik al­dy­lar. Halka­ra ser­gi­niň we yl­my mas­la­ha­tyň ne­ti­je­le­ri jem­gy­ýe­ti­miz­de bi­li­miň ösü­şi­ne öz­bo­luş­ly go­şant bol­dy. Ro­waç­lyk­la­ra bes­len­ýän döw­rü­miz­de bi­lim iş­gär­le­ri üçin yl­my gi­ňiş­lik­de dö­redýän ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­ri­dir şert­le­ri üçin Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­za tüýs ýü­rekden buý­san­jy­my­zy be­ýan ed­ýä­ris. Goý, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny sag bol­sun, il-ýurt bäh­bit­li be­ýik iş­le­ri üs­tün­lik­le­re bes­len­sin!

 

Dünýägözel BAÝJANOWA,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we

informatika institutynyň mugallymy.

Ähli hukuklary goralan.