- 23/05/2022
- 441
ÝAŞ ALYMLARYŇ YLMY-TASLAMA IŞLERINIŇ SERGISI GEÇIRILDI
Şu gün — 16-njy maýda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli sergi geçirildi. Sergide institutyň mugallymlarydyr talyplarynyň oýlap tapan täze taslamalary we dürli ugurlara degişli onlarça programma üpjünçilikleri bilen bir hatarda birnäçe robotlar hem görkezildi. Institutyň Ýaş alymlar geňeşiniň agzasy, mugallym Şirmuhammet Wepaýewiň täze telefon taslamasy aýratyn «berekella» mynasyp boldy. Ol «AVR» arhitekturaly 8-bit mikrokontroller arkaly öýjükli telefonyň taslamasynyň üstünde işleýän eken. Öýjükli telefonyň ilkinji görnüşine 2,8 dýuýmly TFT ekran bilen, micro-USB, 2G ulgamlarynda işlemek üçin GSM modul we 1000 mAs akkumulýator ornaşdyrylypdyr. Şirmuhammet bu taslamany ilkinji gezek işleýändigini aýtdy. Emma bu telefon diňe häzirlikçe şeýle görnüşde. Geljekde ol has uly taslamalaryň üstünde işlejekdigine berk ynandyrdy. Awtomatlaşdyrylan suw gaýnadyjy enjamyň taslamasyny taýýarlan 1-nji ýyl talyp Selimmyrat Orazmyradowyň işiniň aýratynlygy ulanyjynyň öz smartfonynyň kömegi bilen suw gaýnadyjy çäýnegi dolandyryp bilmegidir. Ýagny işlenip düzülen programmanyň kömegi bilen belli bir temperaturany berip, ol gaýnadylandan soň çäýnegi öçürip bolýar. Edara binalarynda awtomatlaşdyrylan giriş-çykyş ulgamyny ýola goýmaga niýetlenen taslama hemmeleriň ünsüni çekdi. Ony institutyň 1-nji ýyl talyby Şanazar Hudaýberdiýew işläp taýýarlady. Bu taslamada işgär barmak yzyny ulgama degren wagtynda degişli maglumatlar telewizorda peýda bolýar, şeýlelikde, işgäriň edara gelen-giden wagtlary awtomat bellige alynýar. Mundan başga-da, sergide kiçi ýaşly çagalara harp öwrediji robot ýumurtga, telewizory daş aralykdan dolandyryjy, welosiped üçin tizligi ölçeýji enjamlar, awtomatlaşdyrylan inkubatorlar hem görkezildi. Serginiň dowamyndaky aýdym-sazly dabara myhmanlar üçin baýramçylyk sowgady boldy.
Çeşme:https://salamnews.tm/section/ylym-bilim/bilim/telekommunikasiyalar-we-informatika-institutynda-sergi-gecirildi-284578