Sanly tehnologiýalar - önümçilige

Image
  • 19/12/2021
  • 105

Sanly tehnologiýalar - önümçilige

Ýurdumyzda programma işläp düzüjileri we innowasion oýlap tapyjylary ýüze çykarmak hem-de olary höweslendirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Golaýda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň yglan eden «Sanly çözgüt — 2021» atly innowasion taslama bäsleşiginiň, şeýle-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Bilim ministrliginiň guramagynda ýaşlaryň arasynda programma üpjünçiligi boýunça geçirilen «Sanly innowasiýalar» atly bäsleşigiň jemleri jemlendi. Olarda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýaş alymlarydyr talyplary uly üstünlik gazandylar.

Bäsleşiklere Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyplary taslamalaryň birnäçesini hödürläp, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Institutyň maglumat ulgamlary we tehnologiýalary hünäriniň 2-nji ýyl talyby Serdar Azamatow bäsleşige ulag-logistika ugry boýunça «Emeli aňy ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde ulanmak» atly taslamasyny hödürledi. Taslamanyň maksady ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekden, ýol heläkçilikleriniň öňüni almakdan, awtoulaglarda sesli kömekçileri peýdalanmak bilen, adam üçin howpsuz we amatly programma üpjünçiligini işläp taýýarlamakdan ybaratdyr. Bu programma üpjünçiligini öýjükli telefonlar hem-de awtoulag kameralary arkaly ulanmak mümkin. Ol sürüji ulagy dolandyrýan wagty irkilen ýagdaýynda ony galmagally ses arkaly oýarýar hem-de ýol belgileri barada habar berýär. Elektron howpsuzlyk ulgamlary hünäriniň 1-nji ýyl talyby Rejepdurdy Meredowyň «3 ölçegli himiýa tejribehanasy» atly taslamasy himiýany animasiýaly, üç ölçegde we gyzykly görnüşde öwrenmek isleýänler üçin niýetlenendir. Bu programmada iki ölçegde (2D) we üç ölçegde (3D) dürli oýunlar ýerleşdirilen. Ol türkmen, türk we iň­lis dillerinde işleýär. Bu programma arkaly dürli tejribeleri-de geçirmek mümkin. Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary hünäriniň 2-nji ýyl talyby Serdar Öräýewiň «Dermanhana» atly taslamasy hem agzalan bäsleşiklerde ýokary baha mynasyp boldy. «Dermanhana» web-sahypasy 5 bölümden, ýagny baş sahypadan, «Täzelikler», «Dermanhanalar», «Biz barada» we «Karta» sahypalaryndan ybarat. «Dermanhanalar» sahypasynda ýurdumyzdaky dermanhanalaryň sanawy we olar barada maglumat berilýär. Ony ulanyjylar gerek dermanlaryny we golaýdaky dermanhanalary aň­satlyk bilen tapyp bilerler. Hasaplaýyş torlarynyň programma üpjünçiligi hünäriniň 2-nji ýyl talyby Leýli Egenowanyň «Dostlaş» çat programmasy birnäçe mümkinçilikleri öz içine alýar. Ol ýurdumyzyň çäginde jaň etmäge, SMS habarlaryny, surat, wideo we saz görnüşindäki faýllary ugratmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem göni ýaýlymda wideojaň­lar arkaly habarlaşyp bolýar. Awtomatlaşdyrma we amaly informatika hünäriniň 2-nji ýyl talyby Süleýman Nurmuhammedow «Duralga» atly programmany işläp taýýarlady. Öýjükli telefonlar üçin niýetlenen bu programma ýurdumyzyň awtobus ugurlary barada maglumat berýär. Onuň kömegi bilen awtobuslaryň ugurlaryny we geçýän ýerlerini kartada anyklamak mümkin. Mundan başga-da, awtobuslaryň duralga gelýän wagtlary, duralgadan näçeräk uzakdadygy görkezilýär. Bu programmany türkmen, rus we iň­lis dillerinde ulanyp bolýar. «Sanly çözgüt — 2021» bäsleşiginde ýe­ňiji bolanlaryň ýene biri-de institutymyzyň mugallymy Şirmuhammet Wepaýewdir. Onuň «Öýjükli telefony işläp düzmek» atly taslamasynda «AVR» arhitekturaly, 8 bit mikrokontroller arkaly öýjükli telefony döretmegiň usuly beýan edilýär. Institutda öýjükli telefonyň konsepsiýasy, integral shemasynyň topologiýasy we programmasy işlenip düzüldi. Geljekde öýjükli telefonyň göwrümini kiçeltmek, iş görkezijilerini we programma üpjünçiligini has-da kämilleşdirmek meýilleşdirilýär. «Umumy ýaşaýyş jaýyny sanlylaşdyrmak» atly taslama işiniň esasy maksady dolandyryşy we gözegçiligi elektron görnüşde alyp barmakdan ybaratdyr. Ýene-de bir özüne çekiji taslama «Onlaýn resminama kabul ediş ulgamydyr». Onuň kömegi bilen dalaşgärler ýokary okuw mekdeplerine giriş resminamalaryny uzak aralykdan elektron nusgada ugradyp bilýärler. Bulardan başga-da, institutda önümçilige gönükdirilen ençeme taslama işleri alnyp barylýar. «Akylly öýüň» dolandyryş ulgamy, awtomatlaşdyrylan ýyladyşhana taslamasy, «Hyýaly hakykat» tehnologiýasy, kiçi ýaşly çagalara harp öwredýän robotyň taslamasy, klawiaturada ýazmagy öwredýän programma üpjünçiligi, uzak aralykdan telewizory dolandyrmak üçin programma üpjünçiligi, welosiped üçin niýetlenen tizligi ölçeýji enjamyň taslamasy we beýlekiler olaryň käbir mysallarydyr.

Mäh­ri­je­mal NE­PE­SO­WA, Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar we in­for­ma­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň mugallymy.

Ähli hukuklary goralan.